«To­tal» fut­bol tak­ti­ka­sy esa­syn­da yz­ly-yzy­na 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan «Aýaks» to­pa­ry 3-nji ku­bo­gy hem as­ma­na gö­ter­ýär. Ýo­han Kroýff we ýol­daş­la­ry bu ge­zek fi­nal­da baş­ga bir ital­ýan to­pa­ry­ny ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. UEFA-nyň 1-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şyn­da 30 to­par gat­naş­ýar. Utu­lan-çyk­dy esa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş 1973-nji ýy­lyň 30-njy ma­ýyn­da şol wagt­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň paý­tag­ty Belg­rad­da jem­len­ýär. Bu ýa­ryş­dan soň, Ýew­ro­pa­da tä­ze çem­pi­on hem-de tä­ze ýyl­dyz ýü­ze çyk­ýar.
1-nji tap­gy­ry çem­pi­on «Aýaks» hem-de «Spar­tak Trna­wa» du­şu­şyk­ oýnamazdan ge­çir­ýär. Ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek gat­naş­ýan «Ba­wa­ri­ýa» türk to­pa­ry «Ga­la­ta­sa­ra­ýy» 2 oýun­da je­mi 7–1 ha­sap bi­len ýeň­ýär. Du­şu­şyk­lar­da Gerd Mül­ler 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. «Re­al Mad­rid» Is­lan­di­ýa­nyň «Kef­la­wik» to­pa­ry­ny 3–0 we 1–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «Mar­sel­den» 1–0 as­gyn gel­se-de öz meý­dan­ça­syn­da 3 gol ge­çi­rip, 2-nji tap­gy­ra çyk­ýar. Pol­şa­nyň çem­pio­ny «Gur­nik Zab­že» Mal­ta­nyň «Slie­ma Wan­de­rers» to­pa­ry­ny 2 ýer­de-de 5–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär.
2-nji tap­gyr­da «Aýaks» So­fi­ýa­nyň SSKA to­pa­ry­ny myh­man­çy­lyk­da 3–1, Ams­ter­dam­da-da Kroýf­fuň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da-da 3–0 ut­ýar. «Ba­wa­ri­ýa» 2-nji tap­gyr­da­ky gar­şy­da­şy «Omo­niany» Mün­hen­de 9–0, jo­gap du­şu­şy­gyn­da-da 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Gerd Mül­ler 1-nji oýun­da 5, 2-nji du­şu­şyk­da 2 gol ge­çir­ýär. «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Ar­jeş Pi­teş­ti» to­pa­ryn­dan 2–1 utul­sa-da, öz meý­dan­ça­syn­da 3–1 ýe­ňip, çär­ýek fi­na­la çyk­ýar. «Ýu­wen­tus» il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan «Mag­de­bur­gy» 2 ýer­de-de 1–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Ang­li­ýa­nyň çem­pio­ny «Der­bi Ka­un­ti» por­tu­gal to­pa­ry «Ben­fi­ka­ny» öz meý­dan­ça­syn­da 3–0 ýeň­ýär we bu ýe­ňiş çär­ýek fi­nal üçin ýe­ter­lik bol­ýar.
Mun­dan öň­ki 2 tap­gyr­da 20 gol ge­çi­ren «Ba­wa­ri­ýa» üçin çär­ýek fi­nal soň­ky du­ral­ga bol­ýar. Çem­pi­on «Aýaks» güýç­li gar­şy­da­şy­ny öz meý­dan­ça­syn­da Ha­an (2), Müh­ren hem-de Kroýf­fuň gol­la­ry bi­len 4–0 ut­ýar. «Di­na­mo Ki­ýew» hem-de «Uý­peşt Do­ža» bi­len du­şu­şan «Re­al Mad­rid» bi­len «Ýu­wen­tus» 1-nji oýun­la­ry­ny 0–0 oý­nap, jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­da öz­le­rin­e ge­rek bo­lan ne­ti­jä­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. «Re­al» 3–0 ut­sa, «Ýu­wen­tus» 2–2 deň­me-deň oý­nap, myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň ar­tyk­maç­ly­gy bi­len ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Li­ga­nyň tä­ze we­ki­li «Der­bi Ka­un­ti» myh­man­çy­lyk­da «Spar­tak Trna­wa­dan» 1–0 as­gyn gel­ýär. Ýö­ne Ang­li­ýa­da Hek­to­ryň 2 go­ly bi­len 2–0 ýe­ňiş ga­za­nan «Der­bi Ka­un­ti» ýa­rym fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar.
Ýa­rym fi­nal­da «Aýaks» to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­dan» soň, «Re­al Mad­ri­di» hem ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. Öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 (Hul­şoff 67, Krol 77 — Pir­ri 84) utan «Aýaks», myh­man­çy­lyk­da-da Müh­re­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär. «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da «Der­bi Ka­un­ti­ni» Al­ta­fi­ni­niň (2) hem-de Kau­sio­nyň gol­la­ry bi­len 3–1 ýeň­ýär. Ang­li­ýa­da­ky du­şu­şyk­da-da gol ha­sa­ba alyn­ma­ýar.
Ta­ry­hyn­da yz­ly-yzy­na 3-nji ge­zek fi­na­la çy­kan «Aýaks» bi­len bu üs­tün­li­ge il­kin­ji sa­par ýe­ten «Ýu­wen­tu­syň» ara­syn­da­ky aý­gyt­la­ýjy du­şu­şyk şol wagt­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň paý­tag­ty Belg­rad­da­ky «Srwe­na Zwez­da» sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 89 484 jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da­ky oý­na ýer­li Mi­li­wo­ýe Gu­gu­lo­wiç emin­lik ed­ýär. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň ýe­ňi­ji­si­ni ýe­ke-täk gol kes­git­le­ýär. Şol go­ly-da 5-nji mi­nut­da Jon­ni Rep der­we­zä gi­riz­ýär. Şon­dan soň, tu­tuş­ly­gyn­a ital­ýan fut­bol­çy­lar­dan dü­zü­len esa­sy dü­züm bi­len meý­dan­ça çy­kan ital­ýan klu­bu­nyň eden ta­gal­la­la­ry ha­sa­by deň­le­mek üçin ýe­ter­lik bol­ýar. Şeý­le­lik­de, 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Aýaks» klu­by «to­tal» fut­bol bi­len 2-nji ge­zek «ka­ta­naç­çio­ny» ýeň­me­gi ba­şar­ýar. Ga­ly­ber­se-de, ýe­ne-de ru­my­ni­ýa­ly Şte­fan Ko­wa­çyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki «Aýaks» «Re­al Mad­rid­den» soň, ku­bo­gy yz­ly-yzy­na 3 ge­zek eýe­län 2-nji to­par hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar.
Ýa­ry­şyň çär­ýek fi­na­lyn­da utu­lan «Ba­wa­ri­ýa­nyň» su­per ýyl­dy­zy Gerd Mül­ler 11 gol ge­çi­rip, bäs­le­şi­giň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy bol­ýar. Bu bol­sa Ýew­ro­pa­da tä­ze çem­pio­nyň ýü­ze çyk­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.