Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özi bu ugur­da şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz ed­ýän we nus­ga­lyk iş­le­ri alyp bar­ýan Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan bu iş­ler ýaş ne­sil üçin ýol-ýö­rel­ge­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­lyk ha­kyn­da: «Sag­dyn dur­muş yn­san be­ze­gi­dir, ba­ha­syz gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Bu gün­ki gün ýaş­la­ry­myz Gahryman Arkadagymyzyň şeý­le dür­dä­ne söz­le­ri­ni baý­dak edi­nip, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni dur­muş ka­da­sy­na öwür­di­ler.
Sport-gö­zel­lik hem sag­dyn­lyk. Sport-saz­la­şyk hem ru­hu­be­lent­lik, sag­dyn bol­ma­ga kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän güýç, sag­ly­gyň göz­ba­şy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş nes­liň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy üçin örän uly ala­da­lar ed­ýär. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len sport des­ga­la­ry­nyň on­lar­ça­sy in­di en­çe­me ýyl bä­ri hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de – sag­lyk we sport mer­kez­le­rin­de, me­de­ni-dynç alyş hem-de şy­pa­ha­na zo­lak­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak ug­run­da döw­re­bap de­re­je­de iş alyp bar­ma­ga äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da Gah­ry­man Arka­da­gymyzyň ta­gal­la­sy bi­len ýaş nes­liň sag­dyn ösüp-ulal­ma­gy üçin aras­sa daş­ky gur­şa­wy dö­ret­mek­den, dog­ry iý­mit­len­mek­den baş­lap, ola­ryň sport bi­len giň­den meş­gul­lan­mak­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li Lide­ri­miz be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň be­den sag­ly­gy­na hem-de ru­hu­be­lent­li­ge oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni, tu­tan­ýer­li­li­gi ke­ma­la ge­tir­ýän­di­gi­ni he­mi­şe nyg­ta­ýar.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len sport des­ga­la­ry­nyň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Sport we be­den­ter­bi­ýe ýaş­lar­da kä­mil şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­ýär. Spor­tuň is­len­dik gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan adam öz er­ki­ni, uky­by­ny, ze­hi­ni­ni tap­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi spor­ty söý­mek we ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, ça­ga­lar spor­tu­ny ös­dür­mek üçin ýur­du­my­zyň mek­dep­le­rin­de we beý­le­ki bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Sag­dyn be­den­li ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň ke­ma­la gel­me­gi üçin dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li adam­la­ryň hem jem­gy­ýet­çi­li­ge go­şul­ma­gy we be­den taý­dan tap­lan­ma­gy üçin ola­ryň spor­ta iş­jeň gat­naş­ma­gy­na äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek we sport­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak, hu­su­san-da ýaş­la­ryň ara­syn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň spor­ta giň­den çe­kil­me­gi bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Be­den­ter­bi­ýe we sport ösüp gel­ýän ýaş nes­liň we dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň ru­hy taý­dan kä­mil, be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň sag­ly­gy ba­ra­da ata­lyk ala­da­sy­ny ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Ogul­ja­han We­li­ýe­wa,
TMÝG-niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar şä­her Ge­ňe­şi­niň gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň mü­di­ri.