Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Dynç alyş möwsüminde geçen okuw ýylynda geçilen dersleri gaýtaladyk, çeper eserleri okadyk, täze dostlar tutundyk, seýilgählerde dynç aldyk, sport bilen meşgullandyk, oba durmuşy bilen tanyşdyk. Küştdür şaşka oýnamagy öwrenen, surat çeken, goşgy ýazan hem bardyr. Indi bolsa mekdebe gitmegiň wagty gelip ýetdi. Okuw başlamazdan ozal tertip-düzgüne has köp üns bermeli, wagtynda ýatyp, wagtynda turmaly. Sebäbi, okuw ýyly başlansoň, mekdebe gitmezden ozal ýuwnup, iýip-içip, geýnip ýetişmeli. Her gün öý işlerimizi ýerine ýetirmeli, ertirki sapaga taýýarlyk görmeli. Eýsem, täze okuw ýylyna girişmek, sapaklardan has ýokary netije almak üçin nähili taýýarlyk görmeli?! Geliň, şolara seredeliň!
Sanaw düzüň!
Mekdep üçin gerekli okuw esbaplaryna serediň, olaryň sanawyny taýýarlaň! Ähli esbaplaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlaň! Tomusky dynç alyş möwsüminde ýerine ýetirilmegi üçin berlen ýumuşlara serediň, olara gaýtadan göz gezdiriň! Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglanyşykly mugallymyňyzyň goşmaça talaplary bolmagy mümkin. Öňünden habarlaşyp, muňa taýynlyk görüň! Eliňizi we ýüzüňizi arassa saklamak üçin ýantorbaňyzda antibakterial süpürgiçleriň bolmagynyň siziň saglygyňyz üçin ähmiýetlidigini unutmaň! Ähli zady jemläniňizden soňra, sanawyňyza seredip, kemçilik bardygyny ýa-da ýokdugyny görüň! Ýetmezçilik bar bolsa, ene-ataňyza duýduryň!
Okamak üçin ýer taýynlaň!
Asuda ýer taýýarlananda dersleri has netijeli öwrenip bolar. Dersleriňize taýýarlanýan otagyňyzy, stoluňyzy, kitap tekjäňizi we beýleki okuw esbaplaryny arassalaň! Gerekmejek zatlary aýryň! Mümkinçilik bolsa, stoluňyzyň ýerini üýtgediň! Emma onuň ýagty ýerde durmalydygyny unutmaň! Otaga penjireden ýagtylyk düşse saglygyňyz üçin hem peýdalydyr. Şol sebäpli otagyňyzdaky zatlary ýerleşdireniňizde penjiräniň öňüni ýapmazlyga üns beriň!
Meýilnama taýýarlaň!
Gündelik etmeli işleriňiz, okamaly kitaplaryňyza degişli jedwel taýynlaň! Jedwel edil senenama ýaly bolup, onda gündelik etmeli we eden işleriňizi ýazyp bilersiňiz! Bu jedweliň taýýar görnüşiniň bolşy, ony özüňiz hem taýýarlap bilersiňiz. Munuň üçin depder (surat albomy hem bolup biler) ruçka we çyzgyç ýeterlik. Jedwel siziň günüň, hepdäniň ýa-da aýyň dowamynda etmeli işleriňizi bir ýerde jemläp, ýatdan çykan zatlary ýatlatmaga kömek eder.
Görnüşlerine görä bölüň!
Kitaplaryňyzy we beýleki zatlaryňyzy ýerleşdireniňizde olary ugurdaş görnüşlere görä toparlara bölüň! Bellikleriňizi, okuw derslerine degişli kitaplary, okuwdan daşgary özbaşdak okaýan kitaplaryňyzy, depderleri, surat albomyny we beýleki uly ölçegdäki kagyzlary aýratynlykda ýerleşdirip bilersiňiz. Nämäniň nirede durýandygyny bilseňiz, ony tapmak kyn bolmaz. Kompýuterdäki maglumatlaryňyzy hem aýratynlykda goýup bilersiňiz!
Okuw esbaplaryňyza bellik ediň!
Ruçka, galam, çyzgyç, galam gutusy, reňk serişdesi ýaly okuw esbaplaryňyza bellik ediň! Gereklisine adyňyzy ýazyň! Adyňyzyň ýerine dürli şekillerden we reňklerden hem bellik edip bilersiňiz!
Okuwdan öň dynç alyň!
Okuwdan bir-iki gün öň söwda merkezlerine ýa-da bazarlara gidip köp wagt geçirmäň! Umuman, okuwyň öň ýany ýadamak maslahat berilmeýär. Ir ýatyp, ir turmagy, ertirlik edinmegi endik ediniň! Çalt taýýar bolýan naharlary iýmäň, öýde iýip-içiň! Telewizor, telefon we kompýuter ýaly zatlara azrak güýmeniň! Wagtyňyzy kitap okap, pazzl, küşt, şaşka ýaly paýhas oýunlary oýnap we maşgala agzalaryňyz ýa-da deň-duşlaryňyz bilen gürrüňdeş bolup geçiriň! Egin-eşikleriňizi edil okuwa gitjek ýaly geýip görüň! Okuw esbaplaryňyzy taýýar ediň! Olary gerek wagty tapmasaňyz ünsüňiz bölüner. Täze okuw ýylyndaky täze dersler siziň üçin nätanyş bolup biler. Islendik dersde düşünmedik zadyňyzy mugallymyňyzdan soramalydygyny unutmaň!
Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň!
Ýantorbaňyzda gerekli arassaçylyk serişdeleriniň bolmalydygyny unutmaň. Çygly süpürgiçleri ulananyňyzdan soňra ýörite zibil gutusyna atyň! Islendik zady çem gelen ýere oklamaň! Ulaga, jemgyýetçilik ulagyna müneniňizde seresap boluň! Jemgyýetçilik ulagynda ýantorbaňyzy ýanyňyzdan aýyrmaň, ony bellenmedik ýerde goýmaň! Ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý ediň! Öýden mekdebe, mekdepden öýe gelnende, ilki bilen el-ýüzüňizi ýuwuň! Öýe geleniňizde egin-eşikleriňizi, ýantorbaňyzy tertipli goýmagy unutmaň!