Ýa­po­ni­ýa­nyň Par­la­men­ti ýur­duň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri­niň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­mak üçin 17-nji sent­ýabr­da adat­dan da­şa­ry mas­la­hat ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Kio­do Su­sin» ha­barlar gul­lu­gy mä­lim ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň 14-nji sent­ýabr­da tä­ze Prem­ýer-mi­nist­riň da­laş­gär­le­ri­ne ses ber­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýän­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Saý­la­nan da­laş­gär­ler soň­ra Par­la­men­tiň her iki pa­la­ta­sy­nyň we­kil­le­ri­niň tas­syk­la­ma­gy üçin hö­dür­le­ner.
Do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ozal­ky baş­ly­gy Sind­zo Abe 2012-nji ýy­lyň de­kab­ryn­dan bä­ri Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di. Go­laý­da Sind­zo Abe met­bu­gat ýyg­na­gyn­da sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li we­zi­pe­sin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Sind­zo Abe 8 ýy­la go­laý wagt bä­ri Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ýa­pon sy­ýa­sat­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iň köp iş­län Prem­ýer-mi­nistr­dir.
Hä­ki­mi­ýet­dä­ki Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň ara­syn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da, Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň Baş sek­re­ta­ry Ýo­si­hi­de Su­ga we dür­li ýyl­lar­da go­ran­mak mi­nist­ri, oba ho­ja­lyk mi­nist­ri, se­bit­le­riň ösü­şi bo­ýun­ça mi­nistr bo­lup iş­län Si­ge­ru Isi­ba bar.