Russiýanyň iň gadymy topraklarynyň biri bolan «Astrahan» biosfera goraghanasyndaky lotoslar gülleýär. Täsin ösümlik bu sebitiň buýsanjy we nyşany hasaplanýar. Hazar lotosy hindi lotosyna gaty meňzeş bolup, olar genetiki taýdan birmeňzeşdir.
– 1919-njy ýylda «Astrahan» goraghanasy döredilende, kiçiräk meýdanda ösüp oturan lotos meýdany tapylypdyr. Şol döwürde lotosly meýdany gorap saklamak başardypdyr. Häzirki wagtda Wolga deltasynda lotos ösüp oturan meýdanlar has-da giňedi. Ol indi müňlerçe gektara ýetýär – diýip, «Astrahan» goraghanasynyň ekologik we bilim işleri bölüminiň müdiri Natalýa Mek aýdýar.
– Bu ýere lotoslary synlap hezil etmek üçin köp sanly syýahatçy gelýär. Ýöne bu güller bilen haýwanlar başgaça gyzyklanýarlar. Mysal üçin, goraghanada ýaşaýan käbir haywanlar lotos gozasy bilen iýmitlense, köp guşlar lotos tohumy bilen iýmitlenýär. Gyzylymtyl guw bolsa, bu ösümlik bilen doly iýmitlenýär – diýip, Astrahan goraghanasynyň ylmy işgäri Wladimir Strelkow aýdýar.
Lotoslar goralyp saklanýanlygy üçin olary goparmak gadagandyr. Galyberse-de, goparmagyň manysy hem ýok, çünki bu güller birnäçe minutyň içinde süllerýär. Gyzyl kitaba girizilen lotosyň gülleýän çagy iýul aýynyň ortalarynda başlap, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edýär.