Ýaponiýada dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) başlygynyň saýlanmagynyň öňüsyrasynda dalaşgärleri hasaba almak işleri geçirildi. Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýosihide Suga, öňki daşary işler ministri, partiýanyň syýasy geňeşiniň başlygy Fumio Kisida we öňki goranmak ministri Sigeru Isiba öz dalaşgärligini öňe sürdüler. Olar zerur bolan LDP-niň wekilleriniň gollaryny ýygnadylar.
– Her dalaşgäriň wekilleriniň ýygnan resminamalaryna salgylanyp, olary hasaba aldyk – diýip, Saýlaw toparynyň başlygy Tekesi Noda aýtdy. Şeýlelikde, Ýaponiýada saýlaw kampaniýasy başlandy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saýlaw kampaniýasy onlaýn görnüşinde amala aşyrylar. Dalaşgärler, ilkinji nobatda, telewideniýe arkaly çykyşlary hem-de dürli neşirler bilen söhbetdeşlikleri arkaly tarapdarlary bilen aragatnaşyk saklarlar.
Mundan başga-da, bellige alnan üç dalaşgär saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden gidýän Premýer-ministr Sindzo Abeniň syýasy ugrunyň dowamy hem-de ýurduň şu günki ykdysady meseleleri barada bilelikdäki metbugat ýygnagyny geçirerler. 14-nji sentýabrda LDP-niň başlygy saýlanar, 16-njy sentýabrda bolsa ýurduň Parlamenti täze Premýer-ministri tassyklajak gyssagly maslahat geçirer. Adatça, LDP-niň başlygyny saýlamak Parlamentiň ähli wekilleriniň ses bermegi bilen geçirilýär.
Häzirki wagtda syýasy bilermenler tarapyndan Ýosihide Suganyň Premýer-ministr wezipesine esasy dalaşgärdigi öňe sürülýär. Esasy partiýa toparlarynyň hemmesiniň diýen ýaly, şol sanda Premýer-ministriň orunbasary, maliýe ministri Taro Aso we LDP-niň Baş sekretary Tosihiro Nikai dagy Ýosihide Suganyň dalaşgärligini makullaýarlar. Tosihiro Nikai ýurduň Premýer-ministri wezipesine Ýosihida Suganyň bolup biläýjek dalaşgärdigini mälim edip, bu wezipäni ýerine ýetirmäge ukyply we iş başarjaň adam hökmünde häsiýetlendirdi. Sindzo Abeniň «sag goly», 71 ýaşly Ýosihide Suga sekiz ýyla golaý Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bolup işledi we metbugat wekilleri üçin niýetlenen maslahatlarda hökümetiň syýasatyny düşündirip çykyş etdi.
LDP-niň saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýasy 8-nji sentýabrda başlandy. Partiýanyň karary bilen, kanun çykaryjylaryň 394-si we sebitleriň 141 wekili partiýa agzalarynyň ählisiniň ýerine (bir milliondan gowrak) täze başlyk üçin ses bererler.