Go­laý­da bi­ler­men­ler to­pa­ry dün­ýä­niň 70 şä­he­ri­niň or­ta­ça aý­lyk ha­ky, ofi­siň her ine­dör­dül met­ri üçin or­ta­ça ba­ha­sy, kWt sa­gat üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ba­ha­sy, in­ter­ne­tiň her aý­lyk ba­ha­sy we kär­ha­na­la­ryň sal­gy­dy ýa­ly dür­li ugur­la­ry­ny iç­gin öw­re­nip, ola­ryň ara­syn­dan pes sal­gyt­ly hem-de in­ter­net üçin az çyk­da­jy edil­ýän şä­her­le­ri saý­la­dy­lar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­da Bu­da­peşt (Weng­ri­ýa) 90,72% umu­my bal bi­len bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. On­dan soň Pra­ga (83,91%), War­şa­wa (82,20%) we Bra­tis­la­wa (78,13%) gelýär. Şeý­le­lik bi­len, Wy­şeg­rad to­pa­ry­na (V4) ag­za döw­let­le­riň paý­tagt­la­ry işe­wür­lik üçin iň amat­ly şä­her­ler bol­dy. Şeý­le hem telekeçilik işini ýo­la goý­mak üçin San-Fran­sis­ko, Nýu-Ýork we To­kio iň gym­mat şä­her­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di.