Özümizi iň rahat duýýan ýerimiz öýümiz bolýar. Onuň rahatlygydyr arassalygy ýaşaýşymyza we saglygymyza täsir edýär. Şonuň üçinem öýde arassaçylygy saklamak, zyýanly wiruslara we bakteriýalara garşy zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek zerurdyr.
Otaglar we öý goşlary arassalananda sabyn bilen ýuwmak maslahat berilýär. Zyýansyzlandyryjy serişdäni soňra ulanyp bilersiňiz. Esasan hem, gapy tutawaçlary, tok düwmeleri, aşhanadaky esbaplar, gulplar, stollar, hajathana we hammam ýaly öýüň içinde köp ulanylýan we galtaşylýan ýerleriň yzygiderli arassaçylygy has wajypdyr. Mysal üçin, asgyrylandan soňra ellenilen gapy tutawajy keseliň ýaýramagyna sebäp bolup biler.
Öýde arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işi geçirilýän wagty bir ýa-da birnäçe gezek ulanylýan ellikleri geýmek, şeýle hem arassalaýjy serişdeleriň ýüze syçramagynyň öňüni almak saglygymyz üçin ähmiýetli bolup durýar. Otaglaryň howasyny täzeläp durmagy hem ýatdan çykarmaly däl.