Ge­çi­ri­len göz­leg­le­riň ne­ti­je­si­ne gö­rä, he­re­ket­de bol­mak ça­ga­la­ryň okuw­da­ky üs­tün­li­gi­ni art­dyr­ýar, fi­zi­ki we ru­hy sag­ly­gy­ny ber­kid­ýär. Şeý­le hem, he­re­ket ta­lap ed­ýän oýun­la­ry oý­na­mak te­le­fon­dan, te­le­wi­zor­dan we wi­deoo­ýun­lar­dan daş­laş­ma­ga, ola­ryň ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Awst­ra­li­ýa­nyň Ade­laýd uni­wer­si­te­ti­niň psi­ho­lo­gi­ýa bo­ýun­ça hü­när­me­ni Tas­sia Os­wald bu ugur­da dün­ýä ýurt­la­ryn­da çap edi­len iň­lis di­lin­dä­ki yl­my bar­lag­la­ryň äh­li­si­ni ýyg­nap, göz­den ge­çi­rip­dir. Os­wald ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­nyň dur­mu­şy­my­za mä­käm or­na­şan şu döw­rün­de te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­me­giň has hem äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär. In­di bol­sa, Os­wald Gü­nor­ta Awst­ra­li­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk göz­leg ins­ti­tu­ty bi­len ýaş­la­ryň ara­syn­da ek­ra­na se­re­di­lip ge­çi­ril­ýän wagt bi­len he­re­ket­de bo­lun­ýan wag­tyň ara­syn­da­ky öza­ra bag­la­ny­şy­gy öw­ren­mek üçin sy­nag­la­ry ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Hü­när­men te­bi­ga­tyň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän köp san­ly bar­lag­la­ryň bar­dy­gy­ny aýd­ýar. Ol ABŞ-da we Ang­li­ýa­da luk­man­la­ryň kä­bir has­sa­lar üçin be­jer­gi hök­mün­de te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýän­di­gi­ni, Ýa­po­ni­ýa­da to­kaý­da ge­ze­lenç et­me­giň mas­la­hat be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
Şu gü­ne çen­li ge­çi­ri­len barlaglar, ça­ga­nyň wag­ty­ny ge­çir­me­giň ýer­le­ri­niň ýa­şy­na gö­rä üýt­ge­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mek­de­be çen­li ça­ga­la­ryň how­lu­da ýa-da ki­çi­räk bag­da wagt ge­çir­me­li­dik­le­ri bel­le­nil­ýär. Baş­lan­gyç synp ýa­şyn­da­ky ça­ga­lar oý­na­mak üçin has giň ýe­re ze­rur­lyk duý­ýan bol­sa­lar, ýet­gin­jek­le­riň te­bi­gat bi­len has ýa­kyn­dan gat­na­şyk sak­la­ma­gy mö­hüm­dir.