«Ener­gy Tran­si­tions Com­mis­si­on» (Ener­gi­ýa ge­çiş to­pa­ry/ETC) at­ly gu­ra­ma ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ne geç­mek ba­bat­da tä­ze mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Mag­lu­mat­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­sy­nyň ne­ti­je­sin­de, şu asy­ryň or­ta­sy­na çen­li ýe­til­me­gi mak­sat edi­nil­ýän sep­git üçin her ýyl 1-2 tril­li­on dol­lar ma­ýa go­ýum go­ýul­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji je­mi içer­ki önü­miň 1-1,5 gö­te­ri­mi­ne ga­bat gel­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­lar­da ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 2050-nji ýy­la çen­li do­ly ara­dan aýyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Şeý­le hem, dür­li se­bäp­le­re gö­rä za­ýa­la­nan ýer­le­ri gaý­ta­dan di­kelt­mek üçin tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hü­när­men­ler Ýer ýü­zün­de ma­ýyl­gan­ly­gy 1,5 de­re­je­den aşak­da sak­la­mak üçin bu mak­sa­da ýet­me­gi tek­lip ed­ýär­ler. Sten­ford uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň bi­rin­de bol­sa, 2000-nji ýyl­dan bä­ri glo­bal ma­ýyl­gan­lyk se­bäp­li ABŞ we Ýew­ro­pa ýurt­la­ry 4 tril­li­on dol­la­ra ýa­kyn se­riş­de sarp edip­dir­ler. ETC se­na­gat, ener­gi­ýa we ma­li­ýe pu­dak­la­ryn­da iş alyp bar­ýan 40 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len hal­ka­ra gu­ra­ma­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa­la­ryň ha­ta­ryn­da «Arcelor­Mit­tal», HSBC, BP, «Shell», «Ors­ted» we «Bank of Ame­rica» ýa­ly eda­ra­lar bar. Mag­lu­mat­da ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­di. Şo­ňa gö­rä-de, dün­ýä­de aras­sa çeş­me­ler­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň ýyl­lyk muk­da­ry­nyň 90 müň-115 müň te­ra­watt/sa­ga­da ýe­ti­ril­me­gi üçin goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum­la­ryň 4-5 es­se art­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di.
Glo­bal gu­ra­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy 2050-nji ýy­la çen­li zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ril­me­gi­ni do­lu­ly­gy­na ara­dan aýyr­mak­dan ýa-da ho­wa goý­be­ri­len ga­zyň muk­da­ry­na ba­ra­bar ho­wa­ny aras­sa­la­mak­dan yba­rat­dyr. Gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Adaýr Ter­ner bu mak­sa­da ýet­me­giň yk­dy­sa­dy we teh­ni­ki ba­bat­da müm­kin­di­gi­ni aýd­ýar.

Alyguly ÝOWŞANOW,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.