Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz mähriban ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu bereketli hem mukaddes toprakda ýaşaýan, işleýän, döredýän her bir ynsanyň mertebesini beýgeltmek babatynda deňsiz-taýsyz özgertmeleri, täzelenişi, beýik başlangyçlary yglan edip, olary amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şonuň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar, halkymyzyň medeniýeti, jemgyýetçilik gatnaşyklary täze belent derejelere göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolsa, döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlaryna öwrülýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň doly durmuşa geçirilýändigini, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan netijeleriň il-günüň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan düýpli özgerişler her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly esaslaryny döretmeklige, halkymyzyň parahat durmuşyny we milli jebisligi üpjün etmeklige hem-de halk häkimiýetine, kanunlaryň mizemezligine daýanýan raýat jemgyýetiniň ykrar edilmegine gönükdirilendir. Mähriban Diýarymyzda Esasy Kanunymyza – Konstitusiýa esaslanyp, ýurdumyzda durmuş-syýasy durnuklylygyň şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hem-de demokratik meýillere ygrarly raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi güýçli depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, iki palataly ulgama geçmek babatda öňe süren teklipleri ýurdumyzda syýasy-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň emele gelýändiginiň, milli demokratiýanyň has-da ýaýbaňlanýandygynyň, raýat jemgyýetiniň berkarar edilýändiginiň aýdyň alamaty boldy. Hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleriniň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy özgertmeleri amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe süren teklipleri ählihalk goldawyna mynasyp bolýar. Teklip edilýän kadalaryň döwrebapdygyny geçirilýän ylmy seljermeler hem doly tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde, göz öňünde tutulýan özgertmeler döwlet häkimiýetiniň halk bilen mizemez jebisligini alamatlandyryp, hukuk döwletiniň häzirki zaman we toplanan tejribesine doly gabat gelýär.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmekde ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýӧrelgelerine esaslanmalydygyny nygtap belleýär. Hut şol ýӧrelgeler hem biziň içeri we daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda, dӧwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa gӧrä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ӧsüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ӧsüşinde gazanylan ӧrän gowy üstünlikler hem-de iň ӧňdebaryjy halkara tejribeler dӧwletimiziň Esasy Kanunynda ӧz beýanyny tapmalydyr diýip, dӧwlet Baştutanymyz nygtaýar. Çünki ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekde bütin dünýäde toplanan tejribäniň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagynyň kämil kanunçylyk ulgamyny kemala getirmekde we berkitmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy gürrüňsizdir. Bu ugurda amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmekligiň strategik meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň mӧhüm tapgyrlaryny ӧzünde jemleýär. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ӧzgertmeler nazara alynýar, dünýä boýunça toplanylan ӧňdebaryjy tejribeler içgin ӧwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň ӧzi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny dӧwrebap kämilleşdirmekligiň, olary halkara tejribesine laýyklykda, baýlaşdyrmagyň dӧwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar. Türkmen jemgyýetinde yzygiderli alnyp barylýan demokratik işler we häzirki dӧwrüň ýagdaýlary, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerlerde saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmak, kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gӧzegçiligi güýçlendirmek nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ӧzgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ӧlçeglerinden ugur almalydyrys we halkara hukugyň esas goýujy kadalaryna eýermelidiris» diýen pähimli sӧzleri esasy ýol gӧrkezijidir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda dӧwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, dӧwleti dolandyrmagyň demokratik ýӧrelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýardam etjek konstitusion ӧzgertmeleri amala aşyrmak babatda giň mӧçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetçilik we dӧwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri dӧretmek boýunça wezipeleri gӧz ӧňünde tutup dӧredilen Konstitusion toparynyň geçirilen mejlisleri aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň 22-nji awgustynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilendigini guwanç bilen bellemek gerek.
Mejlisde kabul edilen resminamalaryň biri-de «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanun adatdan daşary ýagdaý mahalynda halkara ynsanperwer kömegini bermegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de ol ýurdumyzda ilkinji gezek taýýarlanan resminama bolup durýar.
Mejlisiň maslahatynda «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem garaldy. Onda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin, onuň ygtyýarlyklaryna sanly ulgama geçmek bilen bagly kadalar goşuldy. Şeýle-de, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň ygtyýarlyklaryna sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine ýollamak, kämilleşdirilýän sportuň we sport ugurlarynyň täze görnüşlerini ykrar etmek boýunça talaplary işläp taýýarlamak wezipeleri girizildi. Mundan başga-da, onuň ygtyýarlyklaryna bedenterbiýäni we sporty goşmaça maliýeleşdirmek maksady bilen, dürli görnüşli lotoreýalary, totalizatorlary guramak we geçirmek hem-de sport çärelerine gatnaşýan toparlaryň döwlet tarapyndan berilýän maliýe serişdelerini rejeli we maksadalaýyk ulanyşlaryna gözegçilik etmek bilen bagly kadalar goşuldy. Toparlaryň halkara ýaryşlarynda netijeli çykyş etmeklerinde sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň jogapkärçiligini güýçlendirmek maksady bilen, degişli kadalar göz öňünde tutuldy.
Mundan başgada, «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda», «Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda», «Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda garalan we kabul edilen beýleki kanun taslamalardyr kadalaşdyryş-hukuk namalar hem ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň kanunçylyk binýadynyň berkeýändiginiň, Watanymyzyň hukuk ulgamynyň ösdürilýändiginiň, milli kanunçylygyň kämilleşdirilýändiginiň özboluşly dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzda dӧwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi bu edarany giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara ӧwürmäge mümkinçilik dӧreder. Gӧz ӧňünde tutulýan konstitusion ӧzgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, dӧwrüň ӧňe çykarýan derwaýys meselelerini netijeli çӧzmäge, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ykjam gatnaşyklaryny ӧsdürmäge oňaýly şert dӧreder. Munuň ӧzi Watanymyzyň dünýäniň demokratik taýdan ӧsen dӧwletleriniň hatarynda ӧz eýeleýän mynasyp ornunyň berkidilmegine, ykdysady ӧsüşiniň has-da ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ӧz oňaýly täsirini ýetirýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylym, syýasy-jemgyýetçilik ulgamlary bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ӧňünde konstitusion ӧzgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak ýaly täze jogapkärli wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik hem-de durmuş adalatlylygy ýӧrelgelerine esaslanýan kadalary we düzgünleri doly goldamak bilen, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işini welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli işleri alyp barmak deputatlaryň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly Parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny dӧretmekde, Milli Parlamentiň düzüminiň kämilleşdirilmegi babatynda beýan ediljek teklipleri we isleg-arzuwlary içgin ӧwrenip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna girizilýän ӧzgerişlikleriň ähmiýeti barada saýlawçylaryň arasynda wagyz we düşündiriş işlerini giňden ýaýbaňlandyrmagy ӧzümize baş maksat edip goýduk.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny pugtalandyrmak, dӧwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary eziz Diýarymyzyň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolup durýar. Bu mӧhüm syýasy ähmiýetli iş Daşoguz welaýatynyň agzybir halkynyň arasynda hem giň seslenmä eýe boldy. Welaýatymyzda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýatlaryň işjeň gatnaşmagynda düşündiriş we wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň mejlislerinde jemgyýetçilik birleşikleriň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ӧňünde goýan anyk gӧrkezmelerine laýyklykda, Konstitusion kanunçylygyň milli we dünýä tejribesini ӧwrenmek boýunça netijeli işi dowam etmek we hӧdürlenýän taslamany ara alyp maslahatlaşmaga halk kӧpçüliginiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar.
Häzirki wagtda hem Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçilik wekillerini Konstitusion kanunyň taslamasy bilen tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmak boýunça ýörite meýilnamalaýyn ýygnaklar giň gerim bilen geçirilýär.
Ähli derejelerde geçirilýän duşuşyklarda we sӧhbetdeşliklerde ýurtda kanun çykaryjy häkimiýeti hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky teklipler goldanylýar. Hormatly Prezidentimiziň kanun çykaryjy edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek, Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny – Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa – Halk Maslahaty diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biz – Mejlisiň deputatlary we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kanunçylygynyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady hem-de demokratik ӧzgertmeleriň ýoly bilen Watanymyzyň çalt ӧňe gitmegi boýunça ӧňde goýan mӧhüm wezipeleriniň mundan beýläk-de oňyn çӧzülmeginde bilimlerimizi we tejribelerimizi gaýgyrman, ähli tagallalary edip, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaşlar bilen bilelikde degişli işleri alyp bararys.
Bedew bady bilen ӧňe barýan berkarar dӧwletimiziň durmuş-ykdysady ӧsüşiniň hukuk binýadyny berkidýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, başyny başlan konstitusion ӧzgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Aşyrdurdy Allaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.