Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow je­nap Su­ga Ýo­si­hi­de Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di. «Si­ziň ýol­baş­çy­ly­gy­ňyz­da Ýa­po­ni­ýa­nyň sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler­de tä­ze sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öz at-ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn» di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz öz ha­tyn­da belledi.

16-njy sent­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň we­kil­ler pa­la­ta­sy tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri saý­la­mak mak­sa­dy bi­len adat­dan da­şa­ry mas­la­hat ge­çir­di. Mas­la­hat­da ýur­duň do­lan­dy­ry­jy Li­be­ral de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň tä­ze baş­ly­gy Su­ga Ýo­si­hi­de Prem­ýer-mi­nistr hök­mün­de tas­syk­lan­dy.
Su­ga Ýo­si­hi­deniň da­laş­gär­li­gi esa­san, Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň (we­kil­ler pa­la­ta­sy) we­kil­le­ri­niň kö­pü­si ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­dy. Su­ga Ýo­si­hi­de aşa­ky pa­la­ta­nyň 462 we­ki­li­niň 314-si­niň se­si­ne eýe bol­dy, üs­te­si­ne-de, ýo­kar­ky pa­la­ta­da ses­le­riň köp­lü­gi­ne eýe bol­dy.
Ozal­ky ka­bi­ne­tiň işi ýa­ty­ry­lan­dan soň, Prem­ýer-mi­nistr Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Tä­ze dü­züm­de esa­sy we­zi­pe­le­riň kö­pü­si­ni Sind­zo Abe­niň hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry eýe­le­ýär­ler. Şeý­le­lik bi­len, Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri To­si­mi­su Mo­te­gi, Ma­li­ýe mi­nist­ri Ta­ro Aso, Döw­let ýer­le­ri, inf­rast­ruk­tu­ra, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Ka­dzu­ýo­si Aka­ba, şeý­le hem Olim­pi­ýa­da we Pa­ra­lim­pi­ýa­da iş­le­ri mi­nist­ri Seý­ko Ha­si­mo­to we Yk­dy­sa­dy di­kel­diş mi­nist­ri Ýa­su­to­si Ni­si­mu­ra ozal­ky we­zi­pe­le­rin­de ga­ldy­lar.
Ýe­ri ge­len­de ýat­lap geç­sek, 14-nji aw­gust­da 71 ýaş­ly Su­ga Ýo­si­hi­de Li­be­ral De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň tä­ze baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy. Sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li we­zi­pe­sin­den gi­den Sind­zo Abe­niň or­nu­na ge­len Su­ga Ýo­si­hi­de, se­kiz ýy­la go­laý Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň baş sek­re­ta­ry bo­lup iş­le­di we met­bu­gat we­kil­le­ri üçin ni­ýet­le­nen mas­la­hat­lar­da hö­kü­me­tiň sy­ýa­sa­ty­ny dü­şün­di­rip çy­kyş et­di.