Niderlandlaryň uly bölegini deňziň toprak bilen doldurylmagy netijesinde döredilen ýerler emele getirýär. Ýurduň paýtagty Amsterdamyň 60 kilometr golaýynda Marker Wadden atly täze adalar peýda boldy. Bu ada 1976-njy ýylda Demirgazyk deňzine bent gurulmagy bilen emele gelen içerki deňizde döredildi. Häzirki wagtda 4 ýylda tamamlanan emeli adanyň üstünde ösümlik dünýäsi hem emele geldi. Ada gämi arkaly barmak üçin bir sagat gerek. Onuň kenarynda birnäçe gaýyga niýetlenen port, myhmanlar üçin ýörite merkez, plýaž we kireýine alyp bolýan 5 sany jaý gurlupdyr. Adany döretmek üçin deňziň aşagyndaky gum çykarylypdyr. Ilki, gyrymsy agaçlar, soňra bolsa güller ekilipdir. Soňra bolsa, gaz, çarlak, barak ýaly jemi 120 görnüşli guş getirilipdir. Indi bolsa, bu ýeriň owadan tebigaty myhmanlary özüne çekýär.