Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Russiýanyň Soçi şäherinde geçirildi. Şäheriň adybir trassasynda geçirilen 53 aýlawlyk ýaryşda “Mercedes” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas ýeňiş gazandy. 3-nji hatardan ýaryşa başlan sürüjisi pellehana 1 sagat 34 minut, 00:364 sekuntda gelmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 9-njy ýeňşidir. Bottasdan 7,7 sekunt yza galan “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen 2-nji ýeri eýeledi. Çekeleşikli geçen ýaryşda 3-nji orna britaniýaly Lewis Hamilton (“Mercedes”) mynasyp boldy. Ilkinji hatardan başlan Hamilton düzgüni bozandygy üçin 10 sekuntlyk jerime alyp, 11-nji orna düşürildi. Ýöne muňa garamazdan, erjellik görkezen Hamilton ýeňiş gazanan topardaşyndan 22,7 sekunt soň, pellehana gelip, 3-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. Şeýlelikde, şu wagta çenli karýerasynda 90 gezek ýeňiş münberiniň iň ýokary basgançagyna çykan Hamiltona Russiýa “Gran Prisinde” rowaýaty sürüji Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalamak başartmady.
10-njy ýaryşdan soň, Hamilton 205 utuk bilen sanawda 1-nji orny eýeleýär. Topardaşy Bottas 161 utuk bilen 2-nji, Werstappen bolsa 128 utuk toplap, 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň 11-nji ýaryşy 11-nji oktýabrda Germaniýanyň Nürburg şäherinde geçiriler.