Saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli ýola goýmak babatda, raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny berkitmäge, bedenterbiýäni we sporty goldamaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri toplumlaýyn amala aşyrmak babatda giň gerimli işler ýola goýuldy.
Spor­ty we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hä­zir­ki möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­ýan döw­rün­de halk luk­man­çy­ly­gy­nyň usul­la­ry­na ýüz­len­mek mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Ýü­ze çy­kyp bil­jek ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň köp jilt­li «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly ki­tap­la­ryn­da türk­men te­bi­ga­tyn­da bit­ýän ösüm­lik­le­riň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Ýo­kanç ke­sel­le­ri be­jer­mek­de der­man­lyk ösüm­lik­le­riň için­de üzär­li­giň peý­da­sy has ulu­dyr. Onuň tüs­se­si­niň bak­te­ri­ýa­la­ry we mik­rob­la­ry ýok ed­ýän­di­gi yl­my nuk­daý­na­zar­dan su­but edi­len­dir.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni we hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de yg­lan eden hormatly Prezidentimiz işi­niň ju­da köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, boş wagt­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak bi­len wa­tan­daş­la­ry­my­za şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň äh­li öz­gert­me­le­ri­niň, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň we ägirt uly tas­la­ma­la­ryň esa­sy­ny he­mi­şe döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň baş baý­ly­gy bo­lan adam ha­kyn­da­ky ala­da düz­ýär. Sport we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bol­sa ada­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly aç­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Gahryman Arkadagymyz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ba­bat­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na hem uly äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­ňa go­laý­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de al­nan Ka­rar­lar­dan hem gör­mek bol­ýar. Şol res­mi­na­ma­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, hormatly Prezidentimiziň «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň ýo­ka­ry hil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si öňü­miz­de go­ýan mak­sat­la­ry­my­za we ar­zuw­la­ry­my­za ýet­mä­ge, ola­ry dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Sag­dyn­lyk, berk be­den­li­lik, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si – bu­la­ryň äh­li­si ada­myň uzak ýa­şa­ma­gy­na we ýa­şan öm­rü­niň lez­ze­ti­ni duý­ma­ga kö­mek ed­ýär. Sag­lyk – bu her bir ada­myň, maş­ga­la­nyň, şol san­da jem­gy­ýe­tiň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­gy­dyr. Gu­jur-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy, dur­mu­şa bo­lan hö­we­si, söý­gi­ni art­dyr­ýan eg­sil­mez güýç hök­mün­de spor­ta ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän hormatly Prezidentimiziň ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li spor­ty wa­gyz et­mek­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da berk or­naş­dyr­mak­da üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li tu­tum­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­ýar. Di­ýa­ry­myz­da şy­pa­ha­na-dynç alyş ul­ga­my ýur­du­myz­da­ky we da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki tej­ri­bä­niň iň go­wu­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Bu ýer­de mel­hem­li mi­ne­ral çeş­me­ler – suw we pal­çyk bi­len be­jer­mek usul­la­ry, ýer­li ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­ny­lan der­man­lyk se­riş­de­le­ri we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­ler giň­den ula­nyl­ýar. Şo­lar be­de­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, sag­ly­gy di­kelt­mä­ge, ada­myň ke­sel­le­re gar­şy dur­mak uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Yn­san sag­ly­gy­nyň gi­re­wi bo­lan aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­niň berk ber­jaý edil­me­gi, dog­ry iý­mit­len­mek, wag­tyn­da uky­ňy al­mak, gün ter­ti­bin­den spor­ta, be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­na orun ber­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak ýa­ly iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr.
Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, hä­zir ýur­du­myz­da göw­ne­jaý de­re­je­de sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň mel­hem­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi hal­ky­my­zyň hem-de ýaş­la­ryň sag­dyn be­den­li bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Hy­dyr ÝOL­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.