Kino sungatynyň meşhur jansyzy Jeýms Bonduň täze başdangeçirmeleriniň filminiň wagty 2-nji gezek soňa süýşürildi. Filmi aslynda şu ýylyň 3-nji aprelinde prokatlara ýaýratmak göz öňünde tutulýardy. Ýöne dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli filmiň görkezilmeli wagty 13-nji noýabra geçirilipdi. Ýöne çylşyrymly ýagdaýyň dowam etmegi ekran eseriniň prodýuserlerini filmiň wagtynyň ýene bir ýola süýşürmäge mejbur etdi. Aslynda MGM ve “Eon Productions” filmiň 13-nji noýabrda görkeziljekdigini mahabatlandyrýan birnäçe reklamalar hem etdi. Ýöne 28-nji awgustda prokata çykan “Tenet” filminiň garaşylyşyndan az pul gazanmagy, kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny filmi indiki ýyla geçirmek barada karar almaga iterdi. Şeýlelikde, prodýuserler ussat aktýor Daniel Kreýgiň soňky gezek Jeýms Bonduň keşbinde çykyş edýän “No Time Do Die” filminiň 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde kinoteatrlarda görkeziljekdigini resmi ýagdaýa habar berdiler. Şunlukda, film görkezilmeli diýlip mälim edilen wagtyndan laýyk 1 ýyl soň, prokatlara ýaýrar. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde çylşyrymly ýagdaý dowam eden halatynda filmiň ýene-de süýşürilmek mümkinçiligi hem bar. Görkezilmeli wagty soňa süýşürilen kinolaryň ýene biri-de “Marvel”-iň önümi bolan “Black Widow” filminiň görkeziljek wagty hem geljek ýylyň ýaz paslyna geçirildi.