7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen şertler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Milli Goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň ata Watanymyza söýgüsini artdyrmak we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Çakyýew “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilen biraýlygyň netijeleri barada aýdyp, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen çäreler barada-da hasabat berdi.

Şeýle hem ol ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde guruljak athananyň hem-de ministrligiň institutynyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän umumyýaşaýyş jaýynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň içeri işler edaralarynyň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, hormatly tabşyrdy.

Döwlet serhet gullygynyň başlygy Ş.Durdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugyň dolandyryş düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada-da hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes borjy ýerine ýetirýän serhetçiler hut şu ýörelgelerden ugur alyp, döwlet serhetlerini gije-gündiziň dowamynda ygtybarly goramak bilen, eziz Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmelidirler diýip, sözüni dowam etdirdi. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu babatda Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamyň berjaý edilmegine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy-Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ş.Durdyýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazylaryň kanunçylyk namalarynyň kabul edilen kadalaryna laýyklykda, ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, birnäçe düzümlerde geçirilen seljermeleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli görnüşli hukuk bozmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmagyň bu gullugyň düzümleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýet edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimiýet ýerine ýetiriş düzümleriniň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli şahsyýetleriň hem-de beýleki raýatlaryň işlerinde kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana hem-de Karara gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärli wezipäni alyp barýandygyny, hut şu nukdaýnazardan, döwletimiziň okgunly ösüşiniň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrman netijeli gulluk etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde alnyp barylýan işler talaba laýyk derejede dowam etdirilmelidir.

Soňra adalat ministri M.Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk binýady kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy we hukuk tejribesinde konstitusion hukuklaryň, raýatlaryň azatlyklarynyň hem-de kanunçylygyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak gullugyň wajyp wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, Döwlet býujetine gelýän girdejileri artdyrmak, Diýarymyzyň önüm öndürijilerini hem-de şahsy eýeçiligiň desgalaryny goramak we gümrük işiniň hilini hem-de netijeliligini gowulandyrmagyň esasynda daşary söwda ýardam bermek maksady bilen, degişli şertleri döretmek üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy M.Gurdowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä B.Öwezowy belläp, ony gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşy hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan we Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşynyň kepili bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa käýinç yglan etdi.