«Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Pa­ri­ži» hasaplanýan Bue­nos-Aý­res şä­he­ri öz la­ka­my­ny şä­her­dä­ki ka­fe­ler­den, uly bul­war­la­ryn­dan we ýew­ro­pa­ly «egin­deş­le­rin­den» kem gal­ma­ýan iý­mit we aş­ha­na me­de­ni­ýe­tin­den al­ýar.
Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos-Aý­res şä­he­ri­niň üç mil­lio­na go­laý ila­ty bar. Şä­he­riň ady «ýa­kym­ly ho­wa» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ýa­şaý­jy­la­ry­nyň my­la­kat­ly gat­na­şyk­la­ry, aý­dym-sa­zy, ila­ty­nyň şa­dy­ýan­ly­gy we dür­li na­har­la­ry bi­len muş­dak­la­ry­ny özü­ne çek­ýän Bue­nos-Aý­res şä­he­ri 2012-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň köp sy­ýa­hat edi­len şä­he­ri bol­dy. 2018-nji ýyl­da bol­sa, bu şä­her 2,7 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny myh­man al­dy.
Sun­gat muş­dak­la­ry üçin Bue­nos-Aý­res mer­ke­zi şä­her­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Meş­hur «Te­at­ro Colón» te­at­ry dün­ýä­dä­ki iň esa­sy üç ope­ra­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Jan­ly ope­ra­lar bi­len bir ha­tar­da te­at­rda gezelenç etmek üçin sy­ýa­hat­lar gur­nal­ýar. «Nes­tor Kirchner» me­de­ni­ýet mer­ke­zi öz ug­run­da La­tyn Ame­ri­ka­­nyň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki za­man sun­gat eser­le­ri­niň jan­kö­ýer­le­ri­ni bol­sa «Graf­fi­ti­mun­do» sy­ýa­hat­la­ry we «Mal­ba» sun­gat mer­ke­zi gar­şy al­ýar.
Bue­nos-Aý­res­de sy­ýa­hat­çy­la­ra il­ki bi­len şä­he­riň Mil­li ta­ryh mu­ze­ýi­ni aý­la­nyp gör­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Bu mu­zeý­de 1500-nji ýyl­lar­dan 1900-nji ýyl­la­ryň baş­la­ry­na çen­li Ar­gen­ti­na­nyň ta­ry­hy bi­len ta­nyş­mak bol­ýar. Mil­li mu­zeý bi­len bi­le­lik­de «San Tel­mo» ba­za­ry hem şä­he­riň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­na ýa­kyn­dan to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Bu ba­zar­da dür­li gör­nüş­li sow­gat­lyk ha­ryt­la­ry bi­len bir ha­tar­da kö­çe şü­we­leň­le­ri­ne hem şa­ýat bo­lup bi­ler­si­ňiz.
«Pla­za de Mayo» at­ly meý­dan­ça şä­he­riň mer­ke­zi ýeri ha­sap­lan­ýar. «Café Tor­to­ni» bol­sa, şä­he­riň iň meş­hur ka­fe­leriniň biridir. 1858-nji ýyl­da açy­lan bu ka­fe­de şä­he­riň esa­sy ta­ry­hy wa­ka­la­ry su­rat­lan­dy­ryl­ýar, ag­şam­la­ry­na jaz we tan­go çy­kyş­la­ry gur­al­ýar.
Ar­gen­ti­na­nyň mil­li tan­sy bo­lan tan­go­nyň in­çe syr­la­ry­ny öw­ren­mek, iň bol­man­da bir­nä­çe he­re­ke­ti­ni bil­mek Bue­nos-Aý­re­siň ýer­li me­de­ni­ýe­ti­ni tu­tuş be­de­niň bi­len duý­ma­gy­ňa müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Kö­çe­ler­de we dür­li gör­nüş­li ýa­pyk bi­na­lar­da gü­nor­tan­dan baş­lap, ýa­ry­gi­jä çen­li do­wam ed­ýän tan­go tans çä­re­le­ri­ni gör­mek bol­ýar.
Bue­nos-Aý­res şä­he­ri­niň ha­ky­ky şow­hu­ny­na to­ma­şa et­mek üçin şä­he­riň fut­bol me­de­ni­ýe­ti bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak hök­man­dyr. Şä­her­de iki sa­ny uly fut­bol sta­dio­ny bar. Olar­dan «La Bom­bo­ne­ra» sta­dio­ny «Bo­ka-Hu­niors», «El Mo­nu­men­tal» sta­dio­ny bol­sa «Ri­wer Pleýt» fut­bol to­par­la­ry­na de­giş­li­dir. Bue­nos-Aý­re­siň fut­bol ru­hy bol­sa, bu iki to­pa­ryň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar­da ýü­ze çyk­ýar. «Su­perclásico» at­ly bu fut­bol du­şu­şy­gy dün­ýä­niň iň meş­hur der­bi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty­na sy­ýa­hat et­mek üçin iň amat­ly möw­süm mart we maý aý­la­ry­nyň, şeý­le hem sent­ýabr we no­ýabr aý­la­ry­nyň ara­ly­gy bo­lup dur­ýar. Bu aý­lar­da Bue­nos-Aý­re­siň ho­wa­sy has ja­na ýa­kym­ly bol­ýar. Şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi sy­ýa­hat­la­ry­ny okt­ýabr aýy­na, ýag­ny ja­ka­ran­da agaç­la­ry­nyň gül­le­ýän döw­rü­ne gö­rä saz­la­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler.
Bue­nos-Aý­re­siň için­de sy­ýa­hat et­mek üçin met­ro­la­ra, aw­to­bus­la­ra we tak­si­le­re mü­nüp bi­ler­si­ňiz. Şä­her­de Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň ta­ry­hy met­ro­sy he­re­ket ed­ýär. 1913-nji ýyl­da gur­lan Bue­nos-Aý­res met­ro­sy 46 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da bo­lup, 80 stan­si­ýa­sy bar.