Oktýabr aýynyň gelmegi bilen güýzüň sergin howasy ýüzüni görkezmäge başlady. Howanyň sowamagy bilen yssy günleriň geçmegine garaşan gyş eşiklerimizi geýmegiň wagty geldi. Munuň bilen bilelikde haýsy köwüşi haýsy jins bilen geýjegimiz ýa-da haýsy penjegi haýsy köýnek bilen geýjegimiz barada pikir etmäge başlaýarys. Şonuň üçinem, bu möwsümiň güýz we gyş pasyllarynyň modasy barada size maglumat bermegi makul bildik.
Reňk babatynda, esasan hem, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan gyzyl reňkiň dürli öwüşginleri bu ýylky güýz we gyş modasynyň esasyny düzýär. Gyzyl we onuň beýleki äheňlerindäki eginbaşlary bu möwsümde giňden görmek bolýar. Gyzyl reňkiň hemmelere gelişýändigini göz öňünde tutup, bu reňkiň her eginbaş toplumynyň bir bölegi bolmaga hem laýykdygyny aýtmak bolar. Şunuň bilen bir hatarda goňrumtyl gyzyla, goýy gyzyla, goňura we garanyň äheňlerine möwsümiň esasy reňkleri hökmünde garalýar.
Hemişe görnükliligi saklaýan dik, kese we inedördül çyzykly köýnekler güýz-gyş möwsüminde hem ýörgünli bolýar. Şeýle hem her bölegi aýratyn nagyşly we tapawutly reňkde bolan kostýum-balak toplumlary bu möwsümde esasy dabara lybaslary bolýar.
Bu ýylky sowuk aýlarda ozalky möwsümlere garanyňda has giň eginbaşlary geýinmek meşhur bolar. Bedenimizi ýylatjak, daşyndan seredeniňde ýylylygy we rahatlygy ýatlatjak modellerde tikilen eginbaşlar bu möwsümde has ýörgünlidir. Esasan hem, ýüňden örülen giň we uzyn jemperler aýratyn orun eýeleýär. Eger ýüňden eginbaş örýän tanyşlaryňyz bar bolsa häzirden sargap goýmagy unutmaň!
2020-2021-nji ýyllaryň güýz we gyş möwsüminiň ýene bir moda aýratynlygy hem dürli nagyşly eginbaşlary garyşdyryp, ýylylygy saklap biljek derejede geýinmekdir. Munuň esasynda, islendik köýnegiňizi islendik jemperiňiz bilen geýip bilersiňiz.
Eger täze gyş eşigini satyn almakçy bolsaňyz, ilki bilen giňligine üns beriň! Sebäbi bu ýyl ýörgünli boljak giň geýinmek modasy paltunlarda hem öňe çykýar. Dyzdan geçýän paltunlaryň islendik görnüşi bu güýz-gyş möwsüminde-de sizi gelşikli görkezer. Gyş eşiklerine goşmaça, şarflaryňyzy we ellikleriňizi işjeň ulanmak siziň geýnişiňizi bezär.
Umuman aýdanymyzda, bu ýylyň güýz we gyş pasyllary giň eginbaşlaryň, ýüň jemperleriň we owadan nagyşlaryň möwsümi bolar. Eginbaşlaryňyzy şu ýörelgeden ugur alyp saýlamak arkaly dostlaryňyzyň arasynda gelşikliligiňiz bilen tapawutlanyp bilersiňiz.