Hal­kyň sag­ly­gy ýur­duň esa­sy gym­mat­ly­gy bo­lan­dy­gy üçin sag­ly­gy go­ra­mak iş­le­ri­ne ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­ýär. Sag­ly­gyň ga­dy­ry­nyň bi­lin­me­gi ba­bat­da dün­ýä­de en­çe­me baý­ram­çy­lyk­lar ýa-da bel­li se­ne­ler dö­re­di­lip­dir. Ine, şo­la­ryň bi­ri hem eli­ňi ýuw­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­dir. Bu hal­ka­ra se­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­lip, her ýy­lyň 15-nji okt­ýab­ryn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Il­ki­baş­da ol BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Sa­ni­ta­ri­ýa ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp­dy.
Bu mö­hüm se­ne ýu­wul­ma­dyk el­le­riň howp­ly ke­sel­le­re se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi­ni ýat­la­dyp durýandygy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şol bir wag­tyň özün­de, maglumat­la­ra gö­rä, dün­ýä­de köp adam eli­ni nä­dip ýuw­ma­ly­dy­gy­ny bil­me­ýär­. Eli­ňi ýuw­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni ra­ýat­la­ryň ün­sü­ni el­le­riňi go­wy hil­li we sa­byn bi­len ýu­wul­ma­ly­dy­gy­na çek­ýär.
Eli­ňi ýuw­mak, dür­li ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Luk­man­lar şu ýagdaýlarda eli­ňi ýuw­magy maslahat berýärler: na­har iý­mez­den we taý­ýar­la­maz­dan ozal, je­mgy­ýet­çi­lik ula­gyn­dan dü­şen­den soň, pul el­län­den soň, da­şar­dan öýe ge­lnen­de we haýsydyr bir sebäp bilen elimiz hapalanan wagty.

Ene­jan AN­NA­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Aş­ga­bat
şä­he­rin­dä­ki Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.