16-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi
Duşuşyga brifingiň meselesine dahylly bolan ugurdaş düzümlerden başga-da, daşary syýasat edarasynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we “Türkmen alabaýy” Halkara assosiasiýasynyň Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Ukrainadan, Özbegistandan bolan daşary ýurtly agzalary wideokonferensiýa arkaly gatnaşdylar.
Çykyşlarda milli baýlyklarymyzyň, hususan-da, ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini goramak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen, ady agzalan Assosiasiýalaryň işini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan şu günki duşuşygyň derwaýys ähmiýeti bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda, Türkmenistan tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça teklip öňe sürüldi.