23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasy: halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Bu möhüm çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryñ we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen ilkinji gününden bäri geçen 75 ýylyň dowamynda ýeten belent sepgitleri, üstünlikleri hakynda gürrüň edip, Milletler Bileleşigi taryhyň çylşyrymly we ýönekeý bolmadyk tapgyrlaryndan mynasyp geçendigini hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi bilelikdäki tagallalar arkaly üpjün etmegiň bahasyna ýetip bolmajak tejribesine eýe boldygyny giňişleýin beýan etdiler.

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde iň iri we abraýly, parahatçylygy saklamak boýunça köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramasy bolup durýar. Türkmenistan 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, milletleriň dünýä bileleşigine goşuldy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak we halkara jemgyýetçiliginiň çäklerindäki köptaraplaýyn tagallalaryna mynasyp goşant goşmak, döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan we möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy halkara gatnaşyklarynyň we dünýä diplomatiýasynyň taryhynda iň ilkinji resminama bolup, Garaşsyz Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanandygyna we ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ikinji Kararnamasy bolsa bitaraplygyň türkmen nusgasynyň  20 ýyllyk parahatçylygy dörediji tejribesiniň ykrarnamasy bolup durýar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly milli şygaryň astynda geçýän üstümizdäki 2020-nji ýylyň dowamynda şanly Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli bolup geçýän maslahatlar, dabaralardyr, çäreler aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen subut edýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşykdaky çykyşlaryň her birinde ýurdumyzyň  halkara derejedäki at-abraýyny barha belende galdyrýan, türkmen halkynyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Amanbagt USSAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.