Tebigy hadysalar taryhy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Haýsy hadysanyň nädip ýüze çykýandygy, şol döwürde peýda bolýan üýtgeşik ýagdaýlar, olaryň bir-biri bilen baglanyşygy ylmy taýdan seljerilýär. Gök gümmürdisi hem iň köp gyzyklanylýan hadysalaryň biridir.
Gyş paslynda gar ýagýarka, gök gümmürdemegi, ýyldyrym çakmagy ýaly hadysalar bolmaýar. Ýyldyrym çakmagy we gök gümmürdemegi howanyň maýyl we çygly wagtynda bolýar. Sebäbi şeýle bolanynda howa ýokary göterilýär. Gyş paslynda howanyň ýerden ýokardaky we aşakdaky temperaturasynyň tapawudy az bolýar. Şeýle hem pes ýerlerde howanyň çyglylygy has ýokary bolýar. Ýyldyrym çakan mahaly howany 30 müň derejä çenli gyzdyrýar. Bu bolsa, Günüň ýüzündäkiden üç esse ýokary diýmekdir. Bu ýagdaý sekundyň milliondan biri ýaly wagtda bolup geçýär. Howada dörän elektrik energiýasy ýyldyrymy emele getirip, ýere düşýär ýa-da bulutlaryň arasynda çakýar. Gök gümmürdisi ýyldyrymyň töweregindäki howany gysga wagtda gysmagy netijesinde emele gelýän tolkunlardyr. Şeýle gysga wagtda gyzan howa giňelýär. Bu howa adaty atmosfera basyşyndan 100 esse ýokary basyş bilen ses tizliginden has çalt tolkunlary ýaýradyp başlaýar. Bu tolkunlar uly gopgun döredýär. Uçarlaryň tizligi hem sesiňkiden geçeninde şeýle ses çykarýarlar.
Yzly-yzyna ýyldyrym çakanynda, birinji ýyldyrymyň energiýasy ikinjiňkiden köp bolýar. Emma ikinji gezek çakan ýyldyrym has köp ses edýär. Üns beren bolsaňyz, gök gümmürdisi ýyldyrym çakmagyndan sähel salym soň eşidilýär. Onuň sebäbi bolsa, şöhläniň tizliginiň sesiň tizliginden ýokary bolmagydyr. Adatça, gök gümmürdisi 24 kilometr uzaklykdan eşidilýär. Ondan daşdaky “Gümmür mamanyň” sesi bize eşidilmeýär.