Güýzüň ikinji ýarymynda sowuk howa aralaşmaga başlaýar. Howanyň islendik ýagdaýynda ýollarda howpsuz hereket etmek awtoulagyňyzyň guratlygyna baglydyr.
Tigirler
Ulagyňyzyň tigirlerini (ätiýaçlykdaky hem degişli) yzygiderli barlaň! Howa basyşynyň nädogry bolmagy ulagy dolandyrmakda kynçylyk döredip biler we ýangyjyň netijeliligine ýaramaz täsir edip biler.
Ýagyşly howada könelen tigirli awtoulag sürmek howpludyr. Ygtybarly we amatly gezelenç üçin möwsümleýin tigirleri ulanmagy unutmaň!
Çyralar
Awtoulagyň çyralarynyň dürs işlemegi, esasan, ýagyşly we ümürli howada howpsuz hereket üçin ähmiýetlidir. Ulagyňyzyň ähli çyralaryny gözden geçiriň, näsazlyk bar bolsa, gyşdan öň bejertmegiň ugruna çykyň! Esasan hem, duýduryjy çyralaryň, duruzyjylaryň utgaşykly işlemegine üns beriň!
Süpürgiçler
Güýz we gyş paslynda köplenç ýagyşly we tupanly howada awtoulag sürýändigiňizi ýatdan çykarmaň! Awtoulagyňyzyň süpürgiçleri şeýle günlerde iň möhüm kömekçiňiz bolar. Şonuň üçin süpürgiçleriňiziň dürs işlemegine gözegçilik ediň! Süpürgiçleriň rezinlerini her alty aýdan bir gezek çalşyň ýa-da barladyň! Gyşyna süpürgiç bilen aýnanyň arasynda buz döräp biler. Şu sebäpden, ulagyňyzda buz erediji serişde göteriň!
Hereketlendiriji ýagy
Hereketlendiriji üçin ýagyň ähmiýeti örän uludyr. Syýahata çykmazdan ozal hereketlendirijidäki ýagyň derejesini barlaň we wagty gelende çalşyp duruň! Awtoulagy az ýagly ýa-da wagty geçip hapalanan ýag bilen sürmek hem howply bolup, çykdajysy has uly bolan näsazlyklara sebäp bolup biler.
Howa süzgüçleri
Howa süzgüçleri hereketlendirijidäki hapalanan howany daşaryk zyňyp, ulagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we ýüze çykyp biläýjek näsazlyklaryň öňüni alýar. Şol sebäpden, awtoulagyňyzyň howa süzgüçlerini yzygiderli barlap duruň we wagty gelende arassalaň ýa-da çalşyň!
Suwuklyklar
Sowuk howada awtoulagyň doly we dogry işlemegini isleýän bolsaňyz, onuň talap edýän suwuklyklaryny wagtynda guýup durmaly. Esasan hem, gyş aýlarynda awtoulagyň radiatoryndaky suwuklygy (antifriz) we süpürgiçdäki suwy ýeterlik hem-de möwsünme laýyk gelýän bolmalydyr.