Türkmen pagtaçylary “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny doldurdy. Bu baradaky habary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimize ýetirdi.
Wise-premýer ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlanandygyny hem mälim etdi; geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.