6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy A.Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.Wise-premýer öz çykyşynda Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenilip düzülen we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky jarnamasynyň çemeleşmelerine we ýörelgelerine esaslanýan Arkalaşygyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň söwda, senagat, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň özara hereketleriň alnyp barylmagy babatynda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. R.Meredow şeýle taslamalaryň diňe bir GDA-nyň giňişligi bilen çäklenmeli däldigini, «ýanaşyk ýerleşen zolaklara hem gönükdirilen bolup, şol bir wagtyň özünde ýewraziýa ykdysady we maýa goýum giňişliginde uzakmöhletleýin geljek üçin durnukly orny üpjün etmelidigini» nygtady.

Ulag meseleleriniň çözülmegine aýratyn ähmiýet berildi

R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitinde ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegi boýunça ençeme derwaýys başlangyçlary öňe sürendigi ýatlatdy. Türkmenistan multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi ugrunda degişli işleri durmuşa geçirýändir, ol bolsa sebit hem-de halkara derejesinde, hususan-da pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň dikeldilmegine oňyn täsirini ýetirmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň barşynda türkmen tarapynyň agrosenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilmegi, saglygy goraýyş we farmasewtika hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň GDA-da – Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy aýratyn nygtaldy.