1965-nji ýylda Nýu-Ýorkuň golaýynda balyk tutup ýören balykçynyň toruna agramy üç kilograma barabar bolan daş ilýär. Görlüp oturylsa, bu daş asmandan gaçan meteor bölegi eken. 2008-nji ýylda täsin sagatlary öndürýän «Hermes» kompaniýasy bu daşy satyn alýar. Mundan ozal hem täsin daşlardan sagat ýasamagy bilen meşhurlyk gazanan kompaniýanyň hünärmenleri meteor böleginden sagat ýasaýar. Bu sagatda Aýyň Ýer ýüzüniň demirgazyk we günorta polýuslaryndan nähili görünýändigi şekillendirilipdir. Tegelek sagadyň ganatynda atyň şekili suratlandyrylypdyr. Sagadyň ýüzünde biri wagty, beýlekisi aýyň gününi görkezýän iki bölek bar. Ululygy 43 mm-e barabar bolan, platina sagatdan bary-ýogy 16 sanysy öndürilipdir.