Hy­ta­ýyň Gon­kong uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry adam­la­ryň he­re­ket et­me­gi bi­len ener­gi­ýa al­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­nyň üs­tün­de iş alyp bar­ýar­lar. Yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, adam­la­ryň he­re­ke­ti bi­len on­da­ky gö­te­ril­ýän teh­no­lo­gik en­jam­la­ra zar­ýad ber­mek müm­kin­çi­li­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýö­ne­keý söz bi­len aý­da­nyň­da, akyl­ly sa­gat­lar ýa­kyn wagt­da düý­bün­den tä­ze gör­nüş­de ener­gi­ýa alyp bi­ler.
La­bo­ra­to­ri­ýa sy­nag­la­ry­nyň bar­şyn­da, ýö­rä­ni­ňiz­de eliň he­re­ke­tin­den ener­gi­ýa çeş­me­si­ni ön­dür­mek mak­sat edi­nil­ýär. Göz­le­giň mak­sa­dy, «akyl­ly» sa­gat­lar we goşarlyklar üçin ge­rek bol­ýan güýç çeş­me­si­ni adam he­re­ke­ti bi­len dö­re­di­len ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­me­giň üs­tün­de iş­le­nil­ýär.
Göz­leg şu ýy­lyň ba­şyn­da adam­la­ryň «akyl­ly» sa­gat ýa­ly dür­li teh­no­lo­gik en­jam­la­ry da­ky­nyp baş­la­ma­gy hem-de şol en­jam­la­ryň meş­hur­ly­gy­nyň dün­ýä­de ýo­kar­lan­ma­gyn­dan soň baş­lan­dy. «Akyl­ly» sa­gat­lar we beý­le­ki teh­no­lo­gik en­jam­lar pu­da­gy soň­ky dö­wür­de ös­di we ba­za­ryň has-da ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 2019-njy ýyl­da şeý­le en­jam­la­ryň ba­za­ry 20,65 mil­liard dol­la­ra ýet­di we 2027-nji ýy­la çen­li 96,31 mil­liard dol­la­ra ýe­ter diý­lip çak­la­nyl­ýar.
«Akyl­ly» sa­gat­lar adam­la­ra gün­de­lik dur­mu­şyn­da dür­li ýe­ňil­lik­ler hem dö­red­ýär. Olar­da­ky aý­ra­tyn­lyk­lar soň­ky dö­wür­de sag­lyk ba­bat­da hem peý­da­ly­dyr. Ýü­re­giň ur­ma­sy­ny, gan ba­sy­şy­ny, gan­da­ky kis­lo­ro­dyň de­re­je­si­ni we beý­le­ki gör­ke­zi­ji­le­ri ha­sap­la­ýan sa­gat­lar peý­da bol­dy.

Sö­ýün­my­rat RE­JEP­GEL­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ta­lyp ha­ky­nyň eýe­si.