Adamlaryň wepaly dosty hasaplanýan itleriň has irki döwürde eldekileşdirilendigi mälim edilýär. Bu barada Frensis Krik adyndaky London institutynyň gadymy genomika ylmy-barlag laboratoriýasynda geçirilen barlaglaryň netijesi habar berýär. Institutyň maglumatlary «Science» žurnalynda çap edildi.
11 müň ýyl mundan ozal itleriň Demirgazyk ýarym şaryň köp ýerlerinde adamlaryň ýanynda ýaşandygy hem-de olaryň bäş görnüşe bölünendigi mälim edilýär. Gadymy ýerli it tohumlaryň nesillerine Demirgazyk we Günorta Amerikada, Aziýada, Afrikada we Okeaniýada duş gelnendigi bellenilýär.
Dürli millete degişli alymlar topary dürli döwürde arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan 27 sany gadymy it galyndylary babatda ylmy-barlag işlerini geçirip, olary häzirki döwürdäki itleriň genleri bilen deňeşdirdiler. Şonuň netijesinde, itleriň hemişe adamlaryň ýanynda bolup, olaryň wepaly dosty bolandygy kesgitlendi. 4-5 müň ýyl mundan ozalky döwre göz aýlasak, Ýewropada itleriň tohum taýdan dürli-dürli bolandygyny görmek bolýar.
– Itler adamlaryň iň ýakyn we iň gadymy dosty. Gadymy döwürdäki itler barada geçirilen barlaglaryň olaryň umumy taryhymyzdaky ornunyň uludygyny görkezýär – diýip, Oksford uniwersitetiniň alymy Gregor Larson belleýär.
Saparmuhammet ATAÝEW,
talyp.