Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ägirt uly öz­gert­me­ler ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek ug­run­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baştutan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri dün­ýä ýaý­ýar. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­dä­ki deň­siz-taý­syz ga­za­nan­la­ry hal­ky­myz­da çäk­siz buý­sanç hem ru­hu­be­lent­lik dö­re­dip, hä­zir­ki bag­ty­ýar, bo­le­lin dur­mu­şy­my­zyň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny düz­ýär. Has be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek üçin «Döw­let adam üçin­dir!» diýen baş ýö­rel­ge as­tyn­da Wa­ta­ny­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da do­wam ed­ýän düýp­li öz­gert­me­ler bar­ha ýo­ka­ry dep­gi­ne eýe bol­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän milli Liderimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa, ila­ty­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
Dün­ýä­de do­wam ed­ýän ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy çök­gün­li­giň amat­syz tä­si­ri­ne ga­ra­maz­dan, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de dur­nuk­ly ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy kö­pu­gur­ly dur­muş sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da adam mer­te­be­si­niň da­ba­ra­lan­ma­gy üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da aba­dan­çy­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, ra­ýat­la­ry­my­zyň mad­dy üp­jün­çi­lik de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy ze­rur şert­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar.
Ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­dyr. Her ýyl ýur­du­myz­da aý­lyk zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­niň 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­niň bi­ri­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da ýur­du­my­zyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan 2021-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ka­bul edil­di. Ýur­du­my­zyň esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­syn­da pul se­riş­de­le­ri­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, hu­su­san-da, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, döw­let dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny, ýa­şa­ýyş-je­ma­gat ho­ja­ly­gy­ny, umu­my hä­si­ýet­li döw­let hyz­mat­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­gi dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň has-da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň 28,5 gö­te­ri­mi­niň bi­lim, 10 gö­te­ri­mi­niň sag­ly­gy go­raý­yş we 24,8 gö­te­ri­mi­niň dur­muş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­me­gi, zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gy «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, se­na­gat­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na we ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ma­gy üçin mad­dy bin­ýa­dyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy ul­gam­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, öz ge­ze­gin­de, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak­da, ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da tä­ze men­zil­le­re ýet­mä­ge iter­gi ber­ýär.

Ymam­ber­di AN­NAÖ­WE­ZOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när
okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.