Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Şol syýasatyň düýp esasynda bolsa, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar we anyk mazmuna eýe bolýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä syýasatyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzada degişli bolan global meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy. Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň birnäçe abraýly düzümlerine — BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.
Ýokardaky düzümleriň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň konwensiýasyna gol çeken gününden bäri, onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda iş alyp barýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi – abraýly halkara guramasynyň iki ýolbaşçy edaralaryň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna şol guramanyň agzasy bolup durýan 58 döwlet girýär.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işi yzygiderli amala aşyrýar. Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýadygärlikleriň arasyndan käbirisini saýlap aldylar, wagtyň geçmegi bilen, bular saýlap-seçmek arkaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň arasynda möhüm ähmiýetli we umumadamzat üçin gymmatly taryhy-arheologik ýadygärlikleriniň üçüsi – Gadymy Merw (1999 ý.), Köneürgenç (2005ý.) we Nusaý (2007ý.) ýadygärlikleri bar. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly uly gadymy şäherleriň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumy nominasiýa boýunça görkezildi. Ilkinji nobatda, bular kerwensaraýlardan, köşklerden, metjitlerden, şeýle hem keramatly ýerlerden ybaratdyr. Çyn-Maçyn bilen Ýewropa döwletlerini birikdiren Beýik Ýüpek ýoly Bütindünýä milletara mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän we däp bolup gelen sport görnüşleri we oýunlaryny BMG-niň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni çäreleriň interaktiw atlasyna girizmek barada hünärmenleriň netijeli maslahatlary geçirildi.
Halkymyzyň sungatynyň ajaýyp nusgalary «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan halyçylyk sungaty hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, halkara derejesinde ykrar edildi. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärliklerinde dikeldiş işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Amuldan Horezme barýan kerwen ýolunda müň ýyl töweregi mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň birinji tapgyry tamamlandy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin teklip edilen Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmegiň indiki tapgyrlarynyň wezipeleri kesgitlendi. Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy hasaplanýan Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşant goşan gymmatlyklaryndan “Görogly” dessançylyk sungatynyň 2015-nji ýylda bu halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň bu halkara guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi hakyndaky hoş habar biziň ählimizi guwandyrdy.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, ol hem türkmen halkynyň maddy däl taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup durýar. Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň eýýam birnäçe medeni gymmatlyklary girizilendir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO we Türkmenistan ahalteke atlarynyň we iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan alabaýlaryň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylmagynyň we giňden tanadylmagynyň bolsa dünýä medeni mirasynyň goraglylygy nukdaýnazaryndan wajyplygy belleýärler. Şeýle-de türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşjak ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toruna goşulyşmakda hem netijeli işleri amala aşyrýar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.