Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň milli baýramyny – hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny giňden bellemäge barýar. Şanly toýuň öňüsyrasynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyz baýramçylyk lybasyna beslendi. Biri-birinden tapawutly dürli durmuş hem-de önümçilik maksatly binalardyr, desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Milli Liderimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň netijesinde, hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgelere esaslanan daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden hem-de beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesindäki halkara maslahatlarydyr forumlarynda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, energetika, ekologiýa, suw, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkarar edilmegi, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlar dünýäde parahatçylygyň, ykdysady hem-de durnukly ösüşiň, dünýä raýatlarynyň abadan durmuşyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi.
Umuman, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýä nusgalyk syýasat ugry bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her gününde eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyzyň ähli raýatlary taryhy wakalaryň we ýurdumyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýän oňyn başlangyçlaryň şaýady bolýarlar. Şanly baýramçylygymyzyň uludan bellenmegi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da dabaralanmagyna ummasyz goşant goşar.
Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Eziz GURBANMÄMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.