ABŞ-da geçirilen täze barlaglarda ajy burçuň ýürek-damar we beýleki keselleriň öňüni alýandygy ýüze çykaryldy. Alymlar burça ajy tagamy berýän kapsaisin atly himiki birleşmäniň anti-inflamatar häsiýetiniň bardygyny we gandaky şekeriň mukdaryny kadaly saklamaga ýardam edýändigini mälim etdiler. Ogaýo ştatynda ýerleşýän Kliwlend Klinik lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri mundan ozal Hytaý, Eýran, Italiýa we ABŞ ýaly ýurtlarda geçirilen barlaglary gaýtadan seljerdiler. Netijede, 570 müň adamyň saglygy we iýmitlenişi baradaky maglumatlara seredilende ajy burçuň saglyga peýdalydygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem burçuň adamyň agramyny kadaly saklap, aşa semizligiň öňüni almaga ýardam edýändigi anyklandy. Ylmy işiň awtory, kardiolog Bo Su iýmitlenmegiň adamyň umumy saglygyna gönüden-göni täsir edýändigine ünsi çekýär. Pensilwaniýa uniwersitetiniň dietology Penni Kris-Eterton täze açyşyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ajy burçuň derman gerdejiklerinde hem ulanylyp bilinjekdigini belledi. Mundan ozalky geçirilen barlaglarda ajy burç iýmegiň diabet, ýürek keselleri we ysmaz ýaly birnäçe nähoşluklaryň öňüni alýandygy ýüze çykarylypdy. Oksford uniwersitetiniň, Hytaýyň Lukmançylyk bilimler akademiýasynyň we Garwardyň halk saglygy mekdebiniň geçiren dürli barlaglarynda günde ýa-da günaşa ajy burçly nahar iýmegiň ýürek-damar we dem alyş ýollaryna degişli keselleriň öňüni alýandygy ýüze çykarylypdy.
Geçen ýyl Italiýada 22 müň adamyň üstünde geçirilen barlaglarda günaşa ajy burç iýýänleriň saglygyny berkidýändigi ýüze çykarylypdy.
Esenmyrat Şagulyýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.