Niderlandlaryň Eýndhowen tehniki uniwersitetiniň talyplary plastmassa galyndylaryndan we ösümliklerden çig mal hökmünde peýdalanyp, elektroulag öndürdiler. Deňizden we öýlerden ýygnalan zibillerden ýasalan ulagyň sagatdaky tizligi 90 kilometre ýetýär. Bir gezekki zarýady bilen 90 km ýol geçýän «Luca» atly ulagyň dolulygyna diýen ýaly ozal ulanylan materiallardan ýasalypdyr. Ulagyň şassisi zygyrdan we plastmassa gaplardan ýasalypdyr. Ulagyň gabarasy köne telewizor, oýnawaç we aşhana gurallarynyň galyndylaryndan öndürilipdir. Oturgyçlarynyň ýumşak örtükleri kokosdan ýasalypdyr. Bu ulagy 22 talyp 18 aýda ýasapdyr. Talyplar awtoulag öndürijileriň önümçiliginde zibillerden has köp peýdalanjakdyklaryny belleýärler.
Arslan HOJAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.