Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýagdaýy di­ňe bir giň möç­ber­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len çäk­len­män, eý­sem, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, döw­let­ler we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin hem ile­ri tu­tul­ýan ugur bo­lup dur­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Bi­ta­rap­ly­gyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, beý­le­ki halk­la­ra, ola­ryň me­de­ni­ýe­ti­ne we däp­le­ri­ne hor­mat goý­mak ýa­ly bin­ýat­la­ýyn ugur­la­ry döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň has-da iş­jeň­leş­me­gi­ni şert­len­dir­di.
Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, oza­ly bi­len bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem-de onuň dü­züm bö­lek­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny gün­sa­ýyn iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar. Döw­let­le­riň ara­syn­da di­ňe pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra yna­nyş­ma­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len Bi­ta­rap­lyk gü­ni hal­ka­ra de­re­je­si­ne gö­te­ri­len şan­ly se­ne­dir.
Pa­ra­hat­çy­lyk – mu­nuň özi saz­la­şyk­ly ýa­şa­ýyş­dyr, sag-sa­la­mat­lyk, aba­dan dur­muş bol­sa, kö­ňül­le­riň heň­ňam­la­ra ýa­zan mu­ka­my­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy» at­ly aja­ýyp ese­rin­de tu­tuş­ly­gy­na pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän, pa­ra­hat­çy­ly­gyň ga­dyr-gym­ma­ty­ny ün­de­ýän çuň ma­ny-maz­mun­ly mag­lu­mat­lar diý­seň kän. Bu aja­ýyp ki­tap­da: «Iň uly baý­lyk – pa­ra­hat­çy­lyk. Mal-mülk ta­py­lar, ag­zy­bir, asu­da ýa­şaý­şyň ba­ha­sy ýok­dur. Ýok bo­lan za­dyň öwe­zi­ni do­lup bol­ma­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk aýal­ma­sa, ber­bat­lyk bol­ýar. Onuň öwe­zi­ni asyr­lar aşa­nyn­dan so­ňam dol­mak öte kyn­dyr» di­ýlip bel­le­nil­ýär.
Türk­me­nis­tan bü­tin dün­ýä­de we se­bit möç­be­rin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de da­şa­ry ýurt­la­ryň ma­ýa­sy­ny, teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, tej­ri­be­si­ni ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne giň­den çek­mek ar­ka­ly dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar. Tä­ze ösüş ýo­ly türk­me­niň ta­ry­hy ýö­rel­ge­si­ne we mil­li däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk türk­me­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy hem-de hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rül­di. Hä­zir­ki dö­wür­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne yg­rar­ly bo­lan ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu gün Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­riniň äh­li­si bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­ýar. Bu gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ony gel­jek­de has-da ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň mun­dan beý­läk hem uly gol­da­wa eýe bol­jak­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ba­har An­na­dur­dy­ýe­wa,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li
kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň mu­gal­ly­my.