Dünýä futbolynyň iň uly ýyldyzlarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän, hatda köpleriň pikirine görä, ähli zamanalaryň iň ökde oýunçysy hasaplanýan Diego Maradonanyň klub futbolynda-da, milli ýygyndyda-da gazanan üstünlikleri diýseň ýokary. Ol çykyş eden her toparynda uly yz galdyrmagy başarýar. “Argentino Huniors”, “Boko Huniors”, “Barselona”, “Napoli”, “Sewilýa”, “Newell Old Boýs” ýaly klublarda oýnan Diego Armando Maradonanyň çykyş eden ýene bir toparynyň bardygyny bilýänleriň sany juda az bolsa gerek. Ol hem Ispaniýanyň “Granada” toparydyr. Argentinaly futbolçy ady agzalan bu klubda bir günlük çykyş edýär. Ýöne bu çykyş bir günlük hem bolsa, ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup galýar.
Futbol oýnan ýyllarynda mahabat kompaniýalarynyň hemişe uly isleg bildirýän ýyldyzy Maradona kofe öndürýän ýapon şereketleriniň birinden teklip gelip gowuşýar. Maradona bu mahabatda doganlary — 10 ýaş uly agasy Hýugo Hernan (El Turko) we 6 ýaş kiçi inisi Raul Alfredo Franko (Lalo) bilen bilelikde çykyş edýär. Şol wagtlar Raul Alfredony “Granada” topary öz hataryna goşýar. Ispaniýanyň 2-nji ligasyna wekilçilik edýän “Granada” Raul Alfredo Maradona Frankonyň transferini janköýerleriniň öňünde uly dabara bilen äşgär etmek isleýär. Netijede, ýapon şereketiniň mahabat kampaniýasy “Granada” toparynyň ýolbaşçylarynda täze pikir oýandyrýar. Toparyň ýolbaşçylary Maradonanyň inisiniň gol çekişlik dabarasyny has şowhunly, ýatdan çykmajak waka öwürmegi maksat edinýär. Dessine geçirilen gepleşiklerden soň, topar Raul Alfredonyň ýa-da has ýörgünli ady Lalonyň gol çekişlik dabarasyna beýleki 2 Maradonany hem çagyrmagy başarýar. Şol mynasybetli ýoldaşlyk duşuşygy geçirilýär we duşuşykda 3 Maradona hem “Granadanyň” köýnekçesini geýýär. Bu taryhy waka 1987-nji ýylyň 15-nji noýabrynda bolup geçýär. Şol gün “Estadio de Los Karmenes” stadionyny hyryn-dykyn dolduran janköýerler taryhy wakanyň şaýady bolýarlar. Olar “Granada” bilen Şwesiýanyň “Malmö” toparynyň arasyndaky, aslynda başga wagtda juda ýönekeýje bolan, ýöne ýaşyl meýdançada birbada 3 Maradonanyň oýnuna tomaşa etmäge mümkinçilik berýändigi üçin taryhy waka öwrülen ýoldaşlyk duşuşygyna syn edýärler.
Duşuşykda Maradona 9-njy belgidäki mahabatsyz köýnekçäni geýýär. Ol hemişe geýýän 10-njy belgili köýnekçäni bu gezek “Granada” bilen şertnama baglaşýan inisine berýär. “Raýo Wallekanoda” çykyş edýän körpe Maradona, ýagny Hýugo Maradona bolsa, 8-nji belgili köýnekçäni geýýär. Duşuşykda ilkinji bolup hasaby myhmanlar açýar. “Malmö” toparyny öňe çykaran pökgini 11 metrlik jerime urgusyndan Anders Palmer derwezä girizýär. Dessine doganlar Maradonalaryň çykyş edýän “Granada” topary özüni dürseýär. Lalo Maradonanyň goly bilen oýunda hasap deňlenýär. Bu goldan soň, “Malmö” Ýohanssonyň goly bilen ýene öňe saýlanýar. Duşuşygyň 77-nji minutynda bolsa, Maradonalaryň iň ägirdi, has meşhury Diego Armando Maradona hasaby deňläp, janköýerleri begendirýär. Oýnuň 86-njy minutynda-da Manolo tapawutlanyp, “Granada” toparyna ýeňiş getirýär (3–2). Duşuşygy şol wagtky ispan teleýaýlymlarynyň biri göni ýaýlymda görkezýär. Teleýaýlym bu duşuşykdan soň, rekord derejede girdeji gazanýar.
Kapitanlyk bandyny şol wagtlar 27 ýaşly Diego Maradona beren “Granada” toparynyň kapitany Manuel Molina duşuşykdan soň: “Duşuşyk ýoldaşlyk oýny hem bolsa, çekeleşikli, dartgynly geçdi. Diego üçin tolgundyryjy pursatlar bolupdy. Sebäbi onuň inileri bilen bir duşuşykda çykyş etmäge mümkinçiligi boldy. Hemmeler Diego bilen surata düşmek isleýärdi. Mahlasy, biziň üçin ýatdan çykmajak duşuşyk boldy” diýip, beýanat berýär.
Ýewrokuboklarynyň çägindäki duşuşyk ýaly geçen oýunda janköýerler üçin 3 Maradonanyň oý-nuna meýdançada tomaşa etmek ýatdan çykmajak waka bolýar. Şol sebäpli bu gün “El Dia de los Tres Maradonas”, ýagny “Üç Maradona güni” hökmünde taryha girýär.