Dog­ry iý­mit­len­mek ha­kyn­da gür­rüň edilende, aňy­myz­da dürli ta­gam­lar jan­lan­ýar. Dog­ry hem peý­da­ly iý­mit­len­mek üçin dat­ly ta­gam­lar­dan ýüz dön­der­mek hök­man däl. Söý­gü­li ta­gam­la­ry­ňy­zyň si­ze zy­ýan ýe­tir­mez­li­gi üçin kä­bir ka­da­la­ry ber­jaý et­me­li.
Dür­lülik: Nä­çe peý­da­ly hem bol­sa, şol bir ta­gam­lar­dan yzy­gi­der­li iý­mit­len­me­giň hem öz­bo­luş­ly zy­ýa­ny bar­dyr. Çün­ki aş­ga­zan hem en­dik edip bil­ýär, ol di­ňe si­ziň el­my­da­ma iý­mit­len­ýän şol bir ta­gam­la­ry­ňy­zy gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nen kes­git­li fer­ment­le­ri bö­lüp çy­ka­rar. Bu di­ýil­di­gi, is­len­dik tä­ze ta­ga­myň aş­ga­za­ny­ňyz ta­ra­pyn­dan, iň bol­man-da, öz­leş­män bil­mez­lik how­py bar.
De­ňag­ram­ly­lyk: Iý­mit si­ze lez­zet, şat­lyk hem güýç-gaý­rat ber­me­li. Ýö­ne bu güýç-gaý­rat si­ziň sarp edip bil­jek möç­be­ri­ňiz­de bol­ma­ly. Eger gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hiç hi­li fi­zi­ki güýç sarp et­me­li işi­ňiz bol­ma­sa, on­da gü­nor­tan­lyk na­ha­ryn­y köp iý­me­giň ma­ny­sy ýok. Bu ýag­daý­da siz iýen ka­lo­ri­ýa­la­ry­ňy­zyň äh­li­si­ni sarp edip bil­mer­si­ňiz, olar si­ziň be­de­ni­ňiz­de ar­tyk­maç ki­log­ram­lar bo­lup sak­la­nyp ga­lar.
Yzy­gi­der­li­lik: Göw­nü­ňi­ze hiç zat bi­len meş­gul­lan­ma­ýan ýa­ly bol­sa­ňyz hem, içi­ňiz­de gi­den bir pro­ses­ler bo­lup geç­ýär. Mu­nuň üçin he­mi­şe wi­ta­min­ler, mi­ne­ral duz­lar, mik­roele­ment­ler ze­rur­dyr. Şo­nuň üçin hem yzy­gi­der­li na­har­lan­ma­ly. Iň go­wu­sy 3 ge­zek ma­za­ly na­har­lan­ma­ly — er­tir­lik, gü­nor­tan­lyk we ag­şam­lyk. Şeý­le hem ara­lyk­lar­da ýe­ňil­jek gar­ban­ma­ly. Iý­mit­len­me­giň ara­sy 3-3,5 sa­ga­da ba­ra­bar bol­ma­ly. Er­tir­lik, gü­nor­tan­lyk we ag­şam­lyk ta­gam­la­ry­na süýt, ke­fir, do­rak, go­ýal­dy­lan ga­tyk, ýo­gurt, sü­le ýar­ma­sy, tü­wi, ösüm­lik ýa­gy, peýnir, çö­rek, ba­lyk, et, ýu­murt­ga, al­ma, li­mon, kä­şir, ke­lem, ýe­ral­ma­, hy­ýar, mi­we şi­re­si, kädi ýa­ly önüm­ler gir­me­li.
Ter­tip­li­lik: Na­har wag­ty gün­de çen bi­len şol bir wagt­da bol­ma­ly­dyr. Nä­me­dir bir za­da gy­zy­gan hem bol­saňyz, iý­mit­len­me­gi unut­ma­ly däl. Beý­le edil­se, aş­ga­zan-içe­ge ag­za­la­ry­nyň işi bo­zu­lar, iý­mi­tiň siň­me­gi hem-de öz­leş­me­gi er­bet­le­şer. Eger-de siz gü­nor­tan­lyk na­ha­ry­na gi­jä gal­sa­ňyz, iş­dä­ni şo­ko­lad, çip­si we gaz­ly suw bi­len ke­sip bol­maz. Iň go­wu­sy ta­la­ba­la­ýyk na­har­lan­mak­dyr. Şeý­le hem ag­şam­lyk na­ha­ry­na gi­jä gal­maz­lyk­dyr.
Lez­zet­li­lik: Biz göw­nü­mi­ze ýa­ra­ýan za­dy iýe­ni­miz­de, be­de­ni­miz­ en­dor­fin gor­mon­la­ryny bölüp çyk­arýar. Bu gor­mon­lar göw­nü­çök­gün­li­ge gar­şy gö­reş­mä­ge, agy­ry­ny azalt­ma­ga, aç­lyk duý­gu­sy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär, ýag­ny si­ziň şäh­di­ňi­zi aç­ýar. Ýö­ne ge­re­gin­den ar­tyk güý­men­me­li däl­dir. Göw­nüň gö­te­ri­lip, aşa köp iý­me­li däl.
Ka­da­ly­lyk: Il­ki bi­len, ki­çi tabak­lar­dan baş­la­ma­ly. Zeý­tun ýa­gy­na ga­ry­lan bir ça­nak elin iş­däa­ça­r si­ze peý­da däl-de, zy­ýan ýe­ti­rer. Ga­by­myz nä­çe uly bol­sa, biz oňa şon­ça-da köp zat go­ýa­sy­myz ge­ler. So­ňam ony bo­şat­jak bo­lup jan ede­ris. Artyk iýmez­lik üçin, na­ha­ry uly bol­ma­dyk gap­lar­da äbe­riň. Köp­räk çeý­näň. Ma­za­ly çeý­ne­len iý­mit ýe­ňil si­ň­ýär. My­sal üçin, iş ara­kes­me­sin­de is­len­dik ta­gam­ly­ja iý­mi­tiň uly bol­ma­dyk muk­da­ry­ny ma­za­ly çeý­näp iýip, so­ňam uzyn­ly gün özü­ňi dok hem ýe­ňil du­ýup bol­ýar.

Ýazmyrat Umarow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.