Häzirki wagtda dünýäde tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanýanlaryň sany barha köpelýär. Esasan hem, ykjam aragatnaşyk ulgamy durmuşyň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Uludan-kiçi hemmeleriň elinde döwrebap ykjam telefon bar. Olar adamlaryň internet dünýäsine hem aralaşmagyna uly mümkinçilik döredýär.
Dünýäde internet ulanyjylaryň arasynda öňdeligi Hytaý bilen Hindistan eýeleýär. Hindistan bu ugurda ABŞ-ny yzda galdyryp, internet bazarynyň ikinji uly müşderisi boldy. Bu ýurtda bütindünýä torunyň mümkinçiliklerinden 333 million adam peýdalanýar. Bu ugurda birinji orunda barýan Hytaýda 720 million adam interneti işjeň ulanýar. Bu barada ÝUNESKO-nyň hem-de Halkara elektroaragatnaşyklar bileleşiginiň bilelikde taýýarlan beýanatynda mälim edildi.
Bu beýanat Nýu-Ýork şäherinde 18-nji sentýabrda geçirilen maslahatyň öňüsyrasynda çap edildi. Beýanatda mälim edilişine görä, adamlaryň agramly bölegi internete ykjam telefonlar arkaly girýär. Şonuň üçin ykjam telefonlar ösüşiň ilerlemegine uly goşant goşar.
– Giň gerimli aragatnaşyk ulgamy ykdysady ösüşi işjeňleşdirýär. Halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkidýär. Şonuň üçin bu ugruň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär – diýip, Halkara elektroaragatnaşyklar bileleşiginiň baş sekretary Houlin Çžao habar berdi.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory Irina Bokowa bu barada eden çykyşynda ykjam aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşiň esasy hereketlendirijileriniň biridigini mälim etdi. Ol munuň üçin adamlaryň onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny gazanmak babatda tagalla edilmelidigini aýtdy.
Beýanata görä, 2016-njy ýylyň ahyryna çenli internetden peýdalanýan dünýä ilatynyň möçberi 3,5 milliard adama golaýlar. Ol hem tutuş ilatyň 47 göterimine deňdir. Internetden has işjeň peýdalanýan ýurt Islandiýadyr. Bu ýurduň ilatynyň 98,2 göterimi bu ählumumy toruň mümkinçiliklerine aralaşýar.