Formula 1-de “Haas” (ABŞ) toparynda fransiýaly Roman Grožan hem-de daniýaly Kewin Magnussen bilen şu möwsümiň ahyrynda şertnamalarynyň tamamlandyklaryny ozal habar berlipdi. Toparyň täze sürüjileriniň biri belli boldy. Russiýaly milliarder, “Uralchem” kompaniýasynyň eýesi Dmitriý Mazepiniň ogly Nikita Mazepin F1-de bäsleşer. 21 ýaşly sürüji Haas topary bilen uzyn möhletli şertnama baglaşdy. Mazepin häzirki wagtda Formula 2-de ýaryşýar we möwsümiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, umumy sanawda 3-nji hatarda barýar. F2-de 2 ýaryşda ýeňiş gazanan Mazepin F1-de bäsleşjek 4-nji rus piloty bolar. Ondan öňde Witaliý Petrow bilen Sergeý Sirotkin F1-de bäsleşip, häzirki wagtda “Alpha-Tauri” toparynyň düzüminde Daniil Kwýat F1-de çykyş edýär.