Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn rowaçlyklara, özgerişliklere we täze-täze ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň durmuşynda Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, halkymyzyň asyrlar boýy ýüreginde beslän azatlyk, bagtyýarlyk we parahatçylyk hakyndaky arzuwlary hasyl boldy. Bitaraplyk bolsa, türkmen halkyna asuda, parahat we abadan durmuşy sowgat etdi. Asudalyk, abadançylyk, parahatçylyk bolsa, islendik döwletiň ösüşinde aýratyn uly orun eýeleýär.
Türkmen halkynyň uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýan hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly däpleri hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan daşary syýasatymyzyň düýp özeni bolup durýar. Biziň eždatlarymyz gadymy döwürlerden bäri islendik ýagdaýda ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylyk ýoly bilen çözmäge çalşypdyrlar. Myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, açyklyk, birek-birege düşünişmek, kanagatly we sabyrly bolmak ýaly ynsan mertebesini bezeýän häsiýetler bolsa, halkymyza öňden mahsus tebigy häsiýetlerdir. Ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan goňşy döwletler bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidýär. Döwletimiz sebitde we halkara guramalaryň çäklerinde dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy we işjeň gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – bu biziň öňümizde goýan baş maksadymyzdyr, döwletimiziň ösüşiniň belent başlangyjydyr, durmuşymyzyň manysydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz – Biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynda netijeli ýörelge bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit derejesinde-de, dünýä bileleşiginiň çäklerinde-de täsirli ýörelgä öwrüldi – diýip bellemek bilen Bitaraplyk diýlen beýik düşünjäniň diňe biziň döwletimizde däl, eýsem, dünýä döwletlerinde hem ähmiýetiniň örän uludygyny beýan edýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen bu günki günde türkmen halky bolelin, asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşap, mukaddes Bitaraplygymyzyň hözirini görüp ýaşaýar.
Nepes Nepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.