1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Şu ýyl Bitaraplygymyzyň halkara derejesinde ykrar edilenine 25 ýyl dolýar. 12-nji dekabr – ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýän şanly seneleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işine goşýan goşandy, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi göz öňünde tutulyp, 2015-nji ýylda 193 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hem biziň döwletimiziň hoşniýeti goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk günine taýýarlyk görmäge bagyşlanan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Bitarap Watanymyzyň sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýeti goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigini subut edýär.
Goý, halkymyzy asuda, abadan, eşretli zamanada, bagtly döwürde ýaşadýan, ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, ylalaşdyryjy, hoşniýetli gatnaşyklary, ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy gazanmaga gönükdirilen onyň syýasatyny durmuşa geçirýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara, üstünliklere beslensin! Ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy gutly bolsun!
Maral Şyhyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.