Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär we bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde hojalyk subýektleriniň işi döwlet derejesindäki möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Ykdysadyýetde, şol sanda maliýe ulgamynda bolup geçen özgertmeleriň netijesinde, jemgyýetiň süýşürintgilerini maýa goýumlara öwürmäge ukyply we telekeçilik işiniň netijeli ugurlarynyň ösmegini üpjün edýän özboluşly subýekt hökmünde paýdarlar jemgyýetiniň hereket etmeginiň wajyplygy ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» kitabynda, döwletiň we hususy ulgamyň özara gatnaşyklary işi guramagyň usullarynyň biri hökmünde «paýnamalaryň toplanmagyny tizleşdirip, Türkmenistanyň giň ilat gatlagyny goşmak arkaly, hususy ulgamyň serişdelerini çekmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň esasy pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy» göz öňünde tutulýar.
Hojalygy ýöretmegiň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň esasy düzümleriniň biri hökmünde çykyş edýän paýdarlar jemgyýeti, hojalyk gatnaşyklarynyň esasy gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy, umumy kabul edilen ýagdaýdyr. Bazar ykdysadyýetiniň infrastruktura pudaklaryny we institutlaryny döretmegi çaltlandyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini we gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny döretmegi ýola goýmak ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy ýörelgeleridir.
«Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda paýdarlar jemgyýeti – paýdarlar jemgyýetine gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr.
Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýeti ykdysady ösüşi gazanmakda uly orun eýeleýär. Sebäbi dünýäde senagat önümçiliginiň esasy bölegi paýdarlar görnüşindäki kärhanalarda öndürilýär.
Ýurdumyzda banklaryň arasynda hem paýdarlar jemgyýetleri işjeň hereket edýär. «Halkbank» 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen paýdarlar täjirçilik banky görnüşine geçirildi.
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Banky A.Ş. tarapyndan bilelikde ýapyk kysymly paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen we Türkmenistanyň bitewi bank ulgamyna girýän köp ugurly bank edarasydyr. Şeýle hem Türkmenistanda ilkinji hususy bank hökmünde telekeçiler tarapyndan döredilen «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyny hem bellemek bolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende has gowy we netijeli işleýändigini belledi.
Göwher Baýramdurdyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.