16-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Tükmenoglu bilen geçirilen onlaýn duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Merkezi bankynyň hem-de Daşary ykdysady bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝTÖB-niň Iş meýilnamasyny ýa-da “ýol kartasyny” işläp düzmek baradaky teklibi aýtdylar. Onda hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de garaşylýan netijeler belleniler.
Öz gezeginde Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenoglu Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga hem kanagatlanma bildirdi, şonuň netijesinde TSTB-niň kiçi we orta telekeçiligiň taslamalarynyň birnäçesi maliýeleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, ol ÝTÖB-niň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen işlemegi dowam edip, maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.
Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň – gurluşyk materiallarynyň, metal gurnamalarynyň, durmuş himiýasy önümleriniň, elektrik enjamlarynyň, mebelleriň, keramiki hem-de plastmas önümleriniň we beýlekileriň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge işjeň gatnaşýarlar.
Şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligiň uly mümkinçilikleri ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň, ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän köp sarp edilýän harytlaryň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Taraplar ynanyşmak hem-de özara bähbitli ýörelgeler esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp düzmäge taýýardyklaryny tassykladylar.