FIFA tarapyndan gowşurylýan “The Best FIFA” futbol baýraklarynyň bu ýylky eýeleri mälim edildi. Erkekleriň arasynda ýylyň futbolçysy diýlip, “Bawariýanyň” 5 kubok gazanmagyna uly goşant goşan polşaly hüjümçi Robert Lewandowski saýlandy. 52 ses alan Lewandowski bu ugurda Kristiano Ronaldo (38 ses) bilen Lionel Messini (35 ses) yzda galdyrdy. Ýylyň derwezeçisi baýragyna “Bawariýanyň” nemes derwezeçisi Manuel Noýer laýyk görüldi.

Klopp 2-nji gezek ýylyň tälimçisi saýlandy

Ýylyň tälimçisi-de Ýurgen Klopp boldy. Ol “Liwerpula” 30 ýyldan soň çempionlyk gazandyrypdy. Geçen ýylda-da bu hormata laýyk görlen Klopp baýragy 2 gezek eýelän ilkinji tälimçi hökmünde hasaba alyndy. Ol watandaşy, “Bawariýa” 5 kubok gazandyran Hans-Diter Flik bilen deň utuk toplap, milli ýygyndylaryň tälimçileriniň seslerinde artykmaçlyk görkezip, baýraga mynasyp boldy.

Zenan futbolynda ýylyň futbolçysy baýragy-da “Mançester Sitiniň” iňlis ýyldyzy Lýusi Bronza berildi. “Lion” toparynyň fransiýaly derwezeçisi Sara Buhaddi ýylyň zenan derwezeçisi diýlip saýlandy. Zenan futbolynda Niderlandlaryň ýygyndysynyň baş tälimçisi Sarina Wiegman ýylyň tälimçisi baýragy bilen sylaglandy. Puşkaşyň adyny göterýän ýylyň iň owadan goly baýragyna-da koreýaly futbolçy Son Hyn-min mynasyp boldy. Onuň “Premier Ligada” “Býornliniň” derwezesinden geçiren goly iň owadan gol diýlip saýlandy.