Soňky 10 ýylyň dowamynda ak reňkli ulaglaryň alyjylary köpeldi. Ulag muşdaklarynyň üçden biri ak reňki saýlap alýarlar. Bu barada «Axalta» kompaniýasy habar berýär. Kompaniýanyň soňky hasabatyna görä, dünýädäki awtoulaglaryň 38 göterimi ak reňkdedir. Şol bir wagtyň özünde awtoulag sürüjileriniň 19 göterimi gara reňkdäki ulaglary saýlap alýarlar. Gara reňk ak reňkden soň has köp isleg bildirilýän reňkleriň biridir. Üçünji ýerde bolsa çal reňk durýar. Bu reňkdäki ulaglaryň göterim gatnaşygy 15 göterime deňdir.
Ulaglaryň reňkleri olaryň synpyna baglydyr. Şeýlelik bilen, Ýewropada awtoulag satyn alýanlaryň 62 göterimi gara ýa-da çal reňki saýlaýar. Hytaýyň ýaşaýjylarynyň 57 göterimi ak reňkdäki ulaglary halaýarlar. Bu hasabatyň ýene-de bir gyzykly görkezijisi ol hem gyzyl reňkdir. 2016-njy ýyldaky hasabat bilen deňeşdirilende, gyzyl reňkli ulaglary saýlaýan awtoulag muşdaklarynyň göterimi 3,7-den 6,6-a çenli ýokarlanypdyr.
Jeýhun ERKINOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.