Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň berk bin­ýa­dy bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan soň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň yk­rar edil­me­gi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň hoş­ni­ýet­li ýö­rel­ge­le­ri­niň bü­tin dün­ýä aýan edil­me­gi­niň da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Bu ta­ry­hy wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň se­çip alan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­la­ry­nyň yn­san­per­wer­li­ge da­ýan­ýan­dy­gy­ny, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len mak­sa­da­la­ýyk hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny äle­me äş­gär et­di.
«Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ryň we çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy» esa­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ryn­da şu ýyl­da dür­li gör­nüş­li çä­re­ler, mas­la­hat­lar we beý­le­ki da­ba­ra­lar ge­çi­ri­di. Şol çä­re­le­riň her bi­ri Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­ny şöh­rat­lan­dyr­mak­da, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny giň­den wa­gyz et­mek­de hem-de dün­ýä ýaý­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň uly da­ba­ra­la­ry bi­len Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni ut­ga­şyp gel­di.
14-nji de­kab­rda ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na bes­len­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­syn­da hormatly Prezidentimiziň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ibe­ren Gut­la­gy okal­dy. Gut­lag top­lu­myň iş­gär­le­rin­de buý­sanç we ru­hu­be­lent­lik duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Ne­bit­gaz­çy­la­ryň hü­när baý­ra­my ulu­dan bel­le­nil­ýär we şol gün aja­ýyp zäh­met ne­ti­je­le­ri, hü­när us­sat­ly­gy, eda­ra-kär­ha­na­syn­da nus­ga­lyk gö­rel­de­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýan top­lu­myň iş­gär­le­ri hormatly Prezidentimiziň adyn­dan sar­pa­la­nyp sy­lag­la­nyl­ýar. Bu ýyl hem ne­bit­gaz se­na­ga­tyn­da, geo­lo­gi­ýa pu­da­gyn­da asyl­ly we ýa­daw­syz ha­lal zäh­me­ti bi­len ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re we hü­när­men­le­re da­ba­ra­ly ýag­daý­da gym­mat­ba­ha sow­gat­lar, ter gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­ly pur­sat­lar­da «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi­niň «Ne­bit-gaz» ga­ze­ti bi­len bi­le­lik­de yg­lan eden «Ne­bit­gaz – baý­ly­gym, ha­zy­na-gen­jim, was­pyň et­sin dil­ler sa­ňa buý­san­jym!» we «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny, dün­ýä dol­sun pa­ra­hat­lyk mu­ka­my!» at­ly iň go­wy ýa­zy­lan ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­riň, fo­to­re­por­taž­la­ryň, goş­gu­dyr he­ka­ýa­la­ryň bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri yg­lan edil­di we olar Hor­mat hat­la­ry­dyr gym­mat­ ba­ha­ly sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Gur­ban­na­zar Ba­ba­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň San­ly yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş fa­kul­te­ti­niň de­ka­ny.