Mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär we hem­me­le­re nus­ga alar­lyk gö­rel­de gör­kez­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da ama­la aşyr­ýan iş­le­ri­ne hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär. Sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak äh­li ýaş­da­ky adam­la­ryň boş wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­mek­le­ri­ne, yn­san be­de­ni­niň ber­ke­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Gün­de­lik edil­ýän be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry adam­da oňyn şah­sy hä­si­ýet­le­riň, iş­jeň dur­muş he­re­ke­ti­niň ke­ma­la gel­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, sport we be­den­ter­bi­ýe adam­la­ryň sag­ly­gy­nyň kö­pu­gur­ly gu­ra­ly we onuň ukyp­la­ry­nyň ama­la aş­ma­gy­nyň hem de ösü­şi­niň esa­sy şer­ti­dir.
Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­mak hem-de ös­dür­mek ba­bat­da tä­ze mak­sat­na­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek hem-de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­ny be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan hal­ka­ra de­re­je­dä­ki iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän döw­le­ti­ne öw­rül­di.
Türk­men spor­tu­ny gol­da­mak, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, türk­men mil­li spor­tu­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gyň yg­ty­bar­ly hu­kuk-gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn esas­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­ziden­ti­miziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­synyň iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ma­gy türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dy­rar.
Tä­ze mak­sat­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak hem-de ös­dür­mek ar­ka­ly türk­men jem­gy­ýe­tin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­den, ra­ýat­la­ryň wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­me­gini üpjün etmekden, ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga degişli şert­le­ri dö­ret­mek­den hem-de türk­men spor­tu­ny dün­ýä­de iň öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr.
Şeý­le hem tä­ze mak­sat­na­ma esa­syn­da da­şa­ry ýurt­la­ryň sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek hem-de Di­ýa­ry­my­zyň sport ul­ga­my­na öň­de­ba­ry­jy ga­za­ny­lan­la­ry we hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ýaş­la­ryň ara­syn­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, hal­ka­ra de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň­ hem ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty döw­re­bap­laş­dyr­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan sport top­lum­la­ry­nyň, tä­ze sport mek­dep­le­ri­niň, ýö­ri­te sport mek­dep in­ter­nat­la­ry­nyň, at­çy­lyk-sport top­lum­la­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak ug­run­da dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan iş­le­riň bi­möç­ber­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len sport ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň yk­rar edi­len mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da ab­raý­ly ugur­daş dü­züm­ler, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ýar hem-de yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, 2017-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Bu oýun­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 2023-nji ýyl­da VII Azi­ýa ke­nar­ýa­ka oýun­la­ry­ny gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hem ýur­du­my­zyň sport dün­ýä­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da ýo­ka­ry­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but et­di.
Şeý­le hem ýur­du­myz­da 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ ge­çi­ri­ler. 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek­di­gi di­ňe bir sport hü­när­men­le­rin­de däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň äh­li ila­tyn­da hem uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Mu­nuň özi hormatly Prezidentimiziň spor­ty, şol san­da we­lot­re­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de uly gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gü­wä­na­ma­sy bol­dy. Spor­tuň we­lot­rek gör­nü­şi­niň 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi­niň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek­de baý tej­ri­bä eýe­di­gi hem-de şeý­le iri göw­rüm­li hal­ka­ra ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek üçin ýurt­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, sport di­ňe bir ýe­ňiş we me­dal­lar däl­dir. Sport kuw­wat­ly, bir­leş­di­ri­ji dur­muş ul­ga­my­dyr, me­de­ni­ýet, yk­dy­sa­dy­ýet we dip­lo­ma­ti­ýa bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Öň­de bol­jak iri ýa­ryş­la­r ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň sport ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer.
Aş­ga­bat­da hal­ka­ra sport bi­le­le­şik­le­ri­ geçirmäge gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy ýur­du­my­za bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry yna­myň aýdyň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň tas­syk­na­ma­sy­dyr.

Mer­dan AL­LA­GU­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.