Tamamlanan 2020-nji ýyl ýurdumyzda sanly ulgamyň täze sepgitlere ýetilmegi üçin aýgytly ýyllaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda görnetin ösüşler gazanylýar.
Soňky ýyllarda dünýäniň ähli ýerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi täze tapgyra gadam basdy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý hem bu ulgamyň ösüşini has-da belende galdyrdy. Dünýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly biziň ýurdumyzda hem sanly ulgam arkaly wideomaslahatlaryň gurnalmagy, elektron söwda ulgamynyň ýola goýulmagy, ylym-bilim ulgamynda menzilara okuw sapaklarynyň ýola goýulmagy, elektron neşirleriň döredilmegi sanly ulgamda ýetilen belent sepgitler bolup durýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda metbugat ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzda yzygiderli çap edilýän gazetdir žurnallaryň elektron görnüşini özünde jemleýän «Türkmenmetbugat» internet neşiri döredildi. Ýurdumyzyň beýleki neşirleri bilen bir hatarda «Zaman-Türkmenistan», «Türkmeniň ýüpek ýoly», «Nebit-gaz» ýaly gazetleriň hem öz elektron neşirleri döredildi. Bularyň ählisine onlaýn abuna ýazylyşygy ýola goýuldy. Onlaýn abunanyň iň esasy artykmaçlygy elektron neşirlere ýazylmak üçin wagt we serişde sarp edip, nirädir bir ýere gitmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Abunaçy bolmak neşirleriň mobil görnüşini ýükläp alyp, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlardan yzygiderli habarly bolmak sanly ulgamyň adamlara döreden ýene-de bir artykmaçlygydyr. Gazet-žurnallaryň elektron neşirlerinde habardyr makalalaryň elektron görnüşi bilen birlikde olaryň pdf nusgalary hem ýerleşdirilýär. Bu bolsa neşirleriň asyl nusgasy bilen tanyşmaga, materiallaryň ählisini gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.
Umuman, ýurdumyzda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri döredilýär. Şol bir wagtda bu ugra degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň üsti hem yzygiderli ýetirilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan ugur alnyp döredilýän neşirler amatlylyk, tizlik, tygşytlylyk babatda hem tapawutlanýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda hem milli Liderimiz ýurdumyzda gazet-žurnallaryň elektron görnüşine elýeterliligi giňeltmek, kagyza çap edilýän gazet-žurnallar üçin sarp edilýän serişdeleri tygşytlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda işleriň gerimi giňeldilýär, Diýarymyzda neşir edilýän döwürleýin neşirlerden başga-da, «tdh.gov.tm», «metbugat.gov.tm», «medeniýet.gov.tm», «turkmentv.gov.tm» «turkmenistan.gov.tm», «turkmenteatrlary.gov.tm» internet saýtlary sanly ulgamda ýurdumyzyň täzelikleri barada gyzgyny bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredýär.
Oglaý AÇYLOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.