Italiýanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň merkezi oýnunda “Milan” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” kabul etdi. Şikesi sebäpli birnäçe oýunçysyny oýnadyp bilmedik “Milan” 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. “Ýuwentusa” ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Dibalanyň pasyndan soň 18-nji we 62-nji minutlarda Federika Kieza, beýlekisini-de Ronaldonyň pasy bilen 76-njy minutda Weston Makkenni derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Milan” şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol Italiýanyň çägindäki bäsleşiklerde 29 oýundan soň 1-nji sapar utuldy. Toparyň ýeňlişsiz ýörişi geçen ýylyň 12-nji iýunyndaky Italiýanyň Kubogynyň çäginde “Ýuwentus” duşuşygy bilen başlapdy. Topar şondan bäri çempionatda 28, kubok ýaryşynda 1 oýun geçirdi. Umumylykda alnanda, “Milan” soňky 38 oýunda 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. “Milanyň” ýeňilmeginden soň Ýewropanyň TOP – 5 çempionatynda ýeňlişsiz klub galmady. “Milan” bu ýeňlişe garamazdan sanawda 1-nji orunda barýar.