6-njy ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynda 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu ýygnaga Merkezi Aziýadan we Owganystan Yslam Respublikasyndan 23 habarçy onlaýn tertipde gatnaşdy.
Metbugat ýygnagynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Natalýa German çykyş etdi. Ol çärä gatnaşyjylara 2020-nji ýylyň möhüm wakalary we ýetilen sepgitleri barada gürrüň berdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi.
Öz çykyşynyň barşynda hanym German geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasyna aýratyn ähmiýet berdi. Mälim bolşy ýaly, bu resminama BMG-niň resmi dillerinde neşir edildi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
«Jemleýji resminamada dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bitaraplyk syýasatynyň aýratyn ornunyň öz beýanyny tapandygyny bellemek zerurdyr. Ol sebit we global derejede halkara parahatçylygynyň hem-de howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär» diýip, hanym German aýtdy.
Şeýle-de bitaraplyk syýasatynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň hemmetaraplaýyn ulanylmagyna çagyrýandygy hem bellenilip geçildi, ol bolsa dawalaryň öňüniň alynmagynda we parahatçylyk döredijilik proseslerinde BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandyr.
Şeýle-de öz çykyşynda N.German BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň ähmiýetini hem nygtap geçdi.
Hanym German bu resminamany «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen geçýän 2021-nji ýyl üçin özboluşly köpri hasaplaýandyklaryny aýdyp, üstümizdäki ýylyň bu şygary türkmen Lideriniň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama esasynda biragyzdan yglan edilendigini belledi.